HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky Konwensiýasy boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

Noýabr 05, 2026 | 16:56 |13
2-4-nji noýabr aralygynda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Maddy däl medeni miras boýunça Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Halkara maglumat we aragatnaşyk guramasynyň (ICHCAP) hem-de Koreýa Respublikasynyň Medeniýet gullugynyň bilelikde guramagynda Koreýa Respublikasynyň Jeonju şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky 2003-nji ýylyň Konwensiýasy boýunça Aziýa we Ýuwaş umman sebiti döwletleriniň jogäpkär wekilleriniň hünärini artdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi2-4-nji noýabr aralygynda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Maddy däl medeni miras boýunça Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Halkara maglumat we aragatnaşyk guramasynyň (ICHCAP) hem-de Koreýa Respublikasynyň Medeniýet gullugynyň bilelikde guramagynda Koreýa Respublikasynyň Jeonju şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky 2003-nji ýylyň Konwensiýasy boýunça Aziýa we Ýuwaş umman sebiti döwletleriniň jogäpkär wekilleriniň hünärini artdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi
Çeşme: ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary

2-4-nji noýabr aralygynda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Maddy däl medeni miras boýunça Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Halkara maglumat we aragatnaşyk guramasynyň (ICHCAP) hem-de Koreýa Respublikasynyň Medeniýet gullugynyň bilelikde guramagynda Koreýa Respublikasynyň Jeonju şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky 2003-nji ýylyň Konwensiýasy boýunça Aziýa we Ýuwaş umman sebiti döwletleriniň jogäpkär wekilleriniň hünärini artdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna agzalan Konwensiýanyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitindäki agza-döwletleriniň milli utgaşdyryjylary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň degişli ugurdaky halkara bilermenleri gatnaşdylar. Okuw maslahatyna türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referenti Jemal Rematullaýewa gatnaşdy. Ol häzirki wagtda agzalan ICHCAP guramasynyň Assosirlenen hünärmen maksatnamasyna hem gatnaşyjysy bolup çykyş edýär.

Okuw maslahatynyň esasy maksady ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky Konwensiýasynyň agza-döwletleriň çäginde milli derejede durmuşa geçirilişi boýunça döwürleýin hasabatlary taýýarlamak boýunça jogapkär wekilleriň bilimlerini we amaly başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem halkara tejribäni öwrenmekden ybarat boldy. Onuň dowamynda Konwensiýanyň milli derejede durmuşa geçirilişine baha bermekde Umumy netijeleriň çarçuwaly maksatnamasynyň (Overall Results Framework - ORF) ulanylyşy, degişli maglumatlary toplamak we seljermek, netijeleri bahalandyrmak, şeýle hem döwlet edaralarynyň, degişli guramalaryň we maddy däl medeni mirasy göterijileriň hasabat taýýarlamak işine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar döwürleýin hasabaty kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşdylar, milli derejede Konwensiýany durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de jemgyýetleriň, toparlaryň we aýry-aýry şahsyýetleriň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak işine gatnaşmagynyň ähmiýetini bellediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky Konwensiýasy boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky Konwensiýasy boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

16:56 Noýabr 05, 2026
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026