HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dagystanda II Hazar sanly forumy açylýar

Oktýabr 31, 2024 | 04:40 |8952
Hazarýaka ýurtlarynyň
wekilleri Demirgazyk-Günorta ulag geçelgelerniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.Hazarýaka ýurtlarynyň
wekilleri Demirgazyk-Günorta ulag geçelgelerniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.
Çeşme: dagestan.digital

31-nji oktýabrynda Kaspiýskde Halkara hazar sanly forumy başlaýar. Hazarýaka ýurtlarynyň wekilleri Demirgazyk-Günorta ulag geçelgelerniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.

“Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň wekilleri Demirgazyk-Günorta ulag geçelgeleriniň ösüşiniň çäginde özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere ýygnanarlar,

forumyň maksady Eýran, Gazagystan Azerbaýjan we Türkmenistan bilen sanly ugurda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek” – diýip, Dagystan Respublikasynyň Sanly ösüş ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

2024-nji ýylda forumyň iş meýilnamasy pudaklaýyn mowzuklary öz içine alar: “Ýeriň uzakdan barlaglaryny”, “Ulag”, “Serhetüsti sanly hyzmatdaşlyk” we “Hyzmat infrastrukturasy”. Gatnaşanlar halkara sanly merkeziň döredilmegini, serhetüsti hyzmatlary we elektron söwdä işini ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahatda Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin aragatnaşyk ministri Maksut Şadaýew gatnaşar. Forumyň myhmanlarynyň arasynda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ilçileri, federal we sebit häkimiýetleriniň wekilleri, žurnalistler we beýlekiler bar. Umuman alanyňda, IT kompaniýalaryny döredijiler, sanly tehnologiýalary we programma üpjünçiligini öndürijiler bilen birlikde 500-den gowrak adam gatnaşar.

Forumyň meýdançasynda sanly çözgütleri hödürlemek üçin sergi açylar, dronlaryň ýaryşy, sport programmirlemesinde we hokkeý oýny boýunça Dagystanyň kubogy geçiriler. Hazar sanly forumy Russiýanyň Sanly ösüş ministrliginiň we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen 31-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026