HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Russiýa bilelikdäki uniwersitetiniň döredilmegi barada maslahatlaşýarlar

Oktýabr 31, 2024 | 19:00 |8176
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde edaranyň wekilleriniň Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler rus wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň mejslisine gatnaşmagynyň resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.Türkmenistanyň Bilim ministrliginde edaranyň wekilleriniň Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler rus wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň mejslisine gatnaşmagynyň resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
Çeşme: Фото: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde edaranyň wekilleriniň Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler rus wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň mejslisine gatnaşmagynyň resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.

Bilelikdäki uniwersitetiň döredilmegi baradaky maslahatlaşmalar esasy meseleleriň biri boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Türkmen-rus uniwersitetini açmak baradaky başlangyç bilim ulgamyndaky gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de iki ýurduň talyplary üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu ýokary okuw mekdebi halkara standartlara laýyklykda hünärmenleri taýýarlap, ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlarynda bilim we tejribe alyşmak üçin meýdança öwrüler.

Şeýle-de taraplar hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny, şol sanda Russiýada bilim alýan türkmen talyplarynyň bilim hilini gowulandyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde rus tarapy bilim prosesslerine bilelikdäki gözegçilik etmek gurallarynyň ähmiýeti hem-de bilim almagyň we attestasiýanyň ýokary standartlaryny üpjün etmekde Russiýanyň bilim gözegçiligi we Russiýanyň akkreditirlemek agentligi bilen hyzmatdaşlygy barada aýratyn nygtap geçdi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy rus talyplaryny 20-24-nji noýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçiriljek halkara ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäreler talyplara medeni hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin özboluşly mümkinçilikleri döreder.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň wekilleri bilim ulgamyndaky uzakmöhetleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm ädim boljak täze uniwersitetiň taslamasy ýaly bilelikdäki başlangyçlary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026