HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Oktýabr 30, 2024 | 07:00 |7258
Düyn paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildiDüyn paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi
Çeşme: tdh.gov.tm

Düyn paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Ermenistanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan çäreler paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly medeniýeti, häzirki zaman sungaty bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Ony üstünlikli geçirmek üçin ýurdumyza gelen myhmanlara iň gowy konsert zallary we teatr sahnalary hödürlenildi.

Kino sungatynyň muşdaklary üçin dostlukly ýurduň kinematograflary tarapyndan düşürilen iň gowy çeper filmleriň, multfilmleriň görkezilişleri guraldy. Şolaryň hatarynda meşhur aktýor Frunzik Mkrtçýanyň keşp janlandyran “Aýrik” (“Kaka”) we “Şarpyk” atly belli filmler hem bar.

Türkmen tarapynyň taýýarlan medeni maksatnamasynyň çäklerinde ermeni wekiliýetiniň agzalary taryhy ýadygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelenç etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň konsert zalynda Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Gadymy we häzirki zaman aýdym-sazlary, iki halkyň özboluşly däp-dessurlarynyň beýany bolan horeografik-folklor çykyşlar konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Bitewi döredijilik sazlaşygyna öwrülen çykyşlar zehinli artistleri mähirli garşylan tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy.

Dabarada bu döredijilik çäresiniň uzak taryhyň dowamynda doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýän iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlugy berkitmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, medeni çäräni ýokary derejede guramaga berlen goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler, diýip TDH habar berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026