HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BSG-nyň agzalygyna taýýarlanýar: geljegi we artykmaçlyklary boýunça işewürlik seminary

Oktýabr 28, 2024 | 21:57 |11730
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Halkara söwda merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri üçin Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagyň artykmaçlyklaryny, hususan-da hususy pudak üçin döreýän mümkinçilikleri düşündirmegi maksat edinýän okuw maslahatyny gurnaýarTürkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Halkara söwda merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri üçin Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagyň artykmaçlyklaryny, hususan-da hususy pudak üçin döreýän mümkinçilikleri düşündirmegi maksat edinýän okuw maslahatyny gurnaýar
Çeşme: la-croix.com

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Halkara söwda merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri üçin Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagyň artykmaçlyklaryny, hususan-da hususy pudak üçin döreýän mümkinçilikleri düşündirmegi maksat edinýän okuw maslahatyny gurnaýar.

29-30-njy oktýabr aralygynda geçiriljek bu okuw maslahaty Halkara söwda merkeziniň “Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa” taslamasynyň çäginde gurnalyp, bu taslamanyň esasy düzüm böleklerinden biri Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly ýolunda goldaw bermek bolup durýar.

Bu okuw maslahatynyň maksady, gatnaşyjylaryň BSG-nyň dünýä söwdasyndaky orny barada habardarlygyny ýokarlandyrmak, harytlaryň, hyzmatlaryň söwdasyny we intellektual eýeçiligi boýunça syýasaty düzgünleşdirýän BSG-nyň ylalaşyklaryny düşündirmek hem-de BSG-na agzalygynyň hususy pudaga edýän täsirini, artykmaçlyklaryny we töwekgelçiliklerini öwrenmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň başlangyjy bilen, okuw maslahatynyň dowamynda gowşuryljak türkmen, rus we iňlis dillerinde ýazmaça işewürlik gollanmalary hem taýýarlanyldy. Bu işewürlik gollanmalary, hususy pudagyň wekillerini gyzyklandyryp biljek ähli esasy meseleleri öwrenmek üçin peýdaly bolar.

Olar özünde, BSG-sy barada, guramanyň esasy ylalaşyklary, BSG-a agza bolmagyň ýurduň harytlarynyň we haryt öndürijileriniň söwdasyna we hyzmat üpjün edijileriň işine ýetirip biljek täsirini, azyk öndürijileriň, oba hojalyk harytlaryny hödürleýänleriň we hyzmaty üpjün edijileriň söwdasyna nähili täsir etjekdigi, şeýle hem, BSG-na agza bolmagyň harytlary eksport edýänlere nähili kömek edip biljekdigi we söwdada intellektual eýeçiligiň orny barada maglumatlary jemleýär.

Işewürlik gollanmalarynyň elektron görnüşini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi web sahypasyndan ýükläp alnyp biliner (salgy).

BSG hukuk ulgamynyň esasy düzgünleri we ýörelgeleri we olaryň ýurduň milli söwda syýasatyna mundan beýläkki täsiri bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmek häzirki gün tertibiniň esasy ugurlaryndan biridir, sebäbi Türkmenistan BSG-na goşulmak ugrunda işjeň işleýär.

Bu işiň 2022-nji ýylyň fewralyndan, Türkmenistanyň BSG-dan “goşulýan ýurt” resmi statusyny alanyndan soň başlandygyny ýatlatmak isleýäris. Bu işde jogapkär edara hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu ugurda başarnykly çemeleşmegi üpjün etmek üçin köp sanly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026