HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

YÖB we Türkmenistan üç hassahananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada ylalaşyk baglaşdy

Oktýabr 27, 2024 | 19:10 |13923
Yslam Ösüş Banky (YÖB) we Türkmenistan, ýurtda onkologiýa kesellerini bejermäge ýöriteleşen üç sany häzirki zaman lukmançylyk merkeziniň gurluşygy üçin 156,3 million dollarlyk taryhy ylalaşyga gol çekdi.Yslam Ösüş Banky (YÖB) we Türkmenistan, ýurtda onkologiýa kesellerini bejermäge ýöriteleşen üç sany häzirki zaman lukmançylyk merkeziniň gurluşygy üçin 156,3 million dollarlyk taryhy ylalaşyga gol çekdi.
Çeşme: isdb.org

Yslam Ösüş Banky (YÖB) we Türkmenistan, ýurtda onkologiýa kesellerini bejermäge ýöriteleşen üç sany häzirki zaman lukmançylyk merkeziniň gurluşygy üçin 156,3 million dollarlyk taryhy ylalaşyga gol çekdi.

Maliýeleşdirmek boýunça ylalaşyga Waşingtonda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň (YÖB Türkmenistandan dolandyryjysy) Rahymberdi Jepbarow we YÖB-nyň prezidenti Muhammad Al Jasser gol çekdi.

Taslamanyň umumy bahasy 259 million ABŞ dollar. Taslamanyň çäginde 11,750 hassa öňdebaryjy onkologiki hyzmatlary bermek üçin Balkanabatda, Türkmenabatda we Maryda 3 sany häzirki zaman hassahanasy gurlar.

Gol çekişme Halkara Walýuta Gaznasynyň we Bütindünýä Bankynyň ABŞ-nyň Waşington şäherinde 2024-nji ýyldaky ýyllyk ýygnaklarynyň çäginde geçirildi.

27102024-ibr-i-turkmenistan-podpisali-soglashenie (2).jpg

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar dowam edýän çuňňur hyzmatdaşlygy has jikme-jik gözden geçirdiler we 2024–2027-nji ýyllar üçin “YÖB agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň strategiýasy” resminamasynyň çäginde bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar diýip, bankyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Şeýle hem, ýaşyl energiýa infrastruktura taslamalary üçin tehniki kömek maksatnamasy we hususy pudak bilen mundan beýläkki gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

YÖB Türkmenistanyň dürli pudaklarda, esasanam energiýa, saglygy goraýyş, ulag we söwda ösüşini maliýeleşdirmäge möhüm goşant goşdy. YÖB topary esasan, Türkmenistanda sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrýan we ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrýan iri taslamalara goldaw berdi, olaryň arasynda: Bereket-Etrek demir ýol taslamasy, TOPH gaz geçirijisi we telekommunikasiýa ulgamyny gowulandyrmak boýunça taslamasy.

2024-nji ýylyň iýun aýynda Yslam Ösüş Bankynyň Ýerine ýetirijiler müdiriýetiniň geňeşi, Türkmenistanda üç sany onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy üçin maliýeleşdiriş taslamalaryny tassyklady.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Muhammad Al Jasseriň ýolbaşçylygyndaky YÖB wekiliýeti Aşgabat şäherine bolup, ýokary derejede gepleşikleri geçirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026