HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Türkiýe ynsanperwer ylymlar babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Oktýabr 18, 2024 | 08:55 |9525
17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi.17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi .

Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistandan duşuşyga Bilim ministri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça ministriň orunbasary, şeýle-de ministrligiň halkara bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Türk wekilýetine Ankara jemgiýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory we Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň prezidenti Musa Kazym Arınjan ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbanberdiýew duşuşygy açyp, çykyş etdi. Ol bilim babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini belledi we Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy strategiýasynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Professor Musa Kazym Arınjan Ankara sosial ylymlar uniwersitetiniň işjeňligi barada giňişleýin maglumat berdi. Ol ASBU-nyň Türkiýäniň diňe jemgiýetçilik ylymlary boýunça ýöriteleşýän ilkinji döwlet uniwersitetidigini belläp, syýasy ylymlar, hukuk we ylahyýet ugurlarynda halkara hyzmatdaşlyklaryň we amaly barlaglaryň ösdürilýändigini nygtady. Jenap Arınjan ASBU-nyň sanly tehnologiýalara aýratyn üns berýändigini we häzirki global meseleleri çözmäge gönükdirilen bilim maksatnamalaryny hödürleýändigini aýtdy.

Duşuşykda hödürlenen taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak we durmuşa geçirmek üçin iş toparlaryny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026