HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Gresiýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Oktýabr 09, 2024 | 14:17 |9317
2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Afiny şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekowyň Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropula Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasynda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde (hemişelik oturýan ýeri Rim ş.) ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Afiny şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekowyň Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropula Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasynda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde (hemişelik oturýan ýeri Rim ş.) ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Afiny şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekowyň Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropula Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasynda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde (hemişelik oturýan ýeri Rim ş.) ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine mähirli gutlaglaryny, türkmen halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýollaldy. Gresiýa Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sebit we halkara derejelerinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Ilçi T.Kömekow öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gresiýa Respublikasynyň Prezidentine we bu ýurduň halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Dabaranyň dowamynda özara bähbitli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Italiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow Gresiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Gresiýanyň DIM-niň Protokol bölüminiň başlygy Aglaýa Balta hem ynanç hatlarynyň nusgalaryny goşwurdy.

Mundan başga-da, ilçiniň Gresiýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandra Papadopulu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn saparlaryň amala aşyrylmagynyň meselelerine aýrtayn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek maksady bilen işjeň dialogyň alyp barylmagyny tassykladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026