Tūrkmenistan SAT, GMAT, TOEFL esasynda test soraglaryny döretmek usulyýetini öwrener


Educational Testing Service (ETC) Guramasy SAT, ACT, GRE, GMAT, TOEFL we beýleki testleriñ esasynda, täze tehnologiýalaryñ, esasan hem, emeli añyn ulamylmagy bilen test soraglaryny döretmek usulyýetini işläp düzmekde bilim ulgamy boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Bu mesele Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekiliýetiniñ ETS-yñ hökümet we daşary gatnaşyklar boýunça direktory Şennon Eşpol Littonyñ arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
ETS bilim testlerini işläp taýýarlamak we geçirmek boýunça möhüm halkara guramasy hasaplanylýar. We onuñ bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyñ bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de duşuşygyñ çäginde PISA ýaly halkara barlag işlerine Türkmenistanyñ gatnaşmagy hem-de mugallymlaryñ bilimlerini barlamak we olary sertifikatlaşdyrmak üçin PRAXIS testleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
SAT, ACT, TOEFL, GRE we PRAXIS testleri dünýäniñ bilim ulgamynda möhüm orun tutýar. SAT we ACT subýektiw faktorlary aradan aýyryp, ýokary okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärleriñ bilim almaga taýýardyklaryny obýektiw taýdan bahalandyrmaga ýardam edýär. TOEFL iñlis dili ene dili boomadyk talyplara daşary ýurtda okamak üçin iñlis dilini bilýändiklerini subut etmäge mümkinçilik berýär.
GRE magistratura we aspirantura maksatnamalaryna saýlap almak üçin esas bolup hyzmat edýär, PRAXIS bolsa mugallymlaryñ ýokary taýýarlyk standartlaryny ösdürmäge ýardam edip, bu bolsa mekdep biliminiñ hiline gönüden-göni täsir edýär.
SAT we ACT testleriñ ulanylmagy bilim ulgamynyñ gowulandyrylmagyna uly derejede täsir edýär, sebäbi asyl testleriñ esasynda talyplaryñ saýlap alynmagy ýokary okuw mekdeplerine bilim standartlaryna ünsüni jemlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa talyplyk hataryna kabul edilen talyplaryñ hilini ýokarlandyrmaga we umumy bilim derejesini artdyrmaga ýol açýar. ETS-iň wekili bilen duşuşygyň netijesinde taraplar hyzmatdaşlygy berkitmegiñ möhüm ugurlaryny alyp alyp maslahatlaşdylar.
ETS bilen hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň amala aşyrylmagy bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we dünýä bilim bileleşigine birikmäge gönükdirilendir diýip , Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ resmi saýtynda habar berilýär.








