HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-a gitdi

Sentýabr 30, 2024 | 14:05 |9306
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary 30-njy sentýabrda, duşenbe güni başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekillerini öz içine alýar. Wekiliýete Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etýär.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary 30-njy sentýabrda, duşenbe güni başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekillerini öz içine alýar. Wekiliýete Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etýär.
Çeşme: usnews.com

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary 30-njy sentýabrda, duşenbe güni başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekillerini öz içine alýar. Wekiliýete Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etýär.

Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçiriler diýip, ministrlikde habar berildi.

Saparyň esasy maksady – bilim pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we alyş-çalyşlary giňeltmek, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen bilim babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde täze başlangyçlary girizmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak.

Gün tertibinde – Amerikanyň bilim edaralary we guramalary bilen aragatnaşy ýola goýmak bolar. Wekiliýet şeýle hem Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynyň Türkmenistanda şahamçalaryny döretmek we ýöriteleşdirilen hünärmenleri taýýarlamak boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň bilim pudagynyň yzygiderli we tapgyrlaýyn ösmegi we amerikan tarapy bilen gatnaşyklaryň hasam giňelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň jikme-jik öwrenilmegi meýilleşdirilýär.

Saparyň meýilnamasynyň esasy bölegi hökmünde Kent döwlet uniwersitetiniň (Kent State University) ýolbaşçylary bilen duşuşyk bolýar. 1910-njy ýylda esaslandyrylan bu uniwersitet, bilim, işewürlik we tehnologiýa boýunça innowasion maksatnamalary bilen tanalýan ABŞ-nyň iň uly we abraýly döwlet edaralarynyň biridir. Saparyň dowamynda Kent uniwersiteti bilen üç sany türkmen ýokary okuw jaýlarynyň arasynda degişli özara düşünişmek hakynda ähtnamalarynyň gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler meýilleşdirilýär, oňa uniwersitetiň wekilleri, türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň agzalary gatnaşar. Maksatnama şahyryň goşgularynyň çeper okaýyşyny, şeýle hem aýdym-sazly çykyşlary öz içine alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

22:30 Noýabr 10, 2026
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026