HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Gruziýada Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanan Maslahata gatnaşdy

Sentýabr 29, 2024 | 16:45 |8929
27-nji sentýabrda Tbiliside Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli her ýylky Halkara maslahaty geçirildi. Gruziýa BMG-niñ bu maslahatyny ilkinji gezek kabul etdi.27-nji sentýabrda Tbiliside Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli her ýylky Halkara maslahaty geçirildi. Gruziýa BMG-niñ bu maslahatyny ilkinji gezek kabul etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

27-nji sentýabrda Tbiliside Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli her ýylky Halkara maslahaty geçirildi. Gruziýa BMG-niñ bu maslahatyny ilkinji gezek kabul etdi.

Çärä 40-dan gowrak ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlar, syýahatçylyk ministrleri, halkara guramalaryñ wekilleri hem-de syýahatçylyk pudagynyñ ýokary taýýarlykly hünärmemleri gatnaşdy. Medeniýet ministrliginiñ syýahatçylyk pudagy boýunça bölüm müdiriniñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistana wekilçilik etdi.

29092024-vsemirnogo-dnya-turizma-v-gruzii (3).jpg

Gruziýanyñ premýer-ministri Irakli Kobahidze hem-de BMG-niñ Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyñ Baş sekretary Zurab Pololikaşwi ýygnanşanlaryñ öñünde çykyş etdiler.

Bu ýyl "Syýahatçylyk we parahatçylyk" Bütindünýä gününiñ baş mowzugy boldy. Çäräniñ çäginde bölümçe çekişmeleri, syýahatçylygy ösdürmegiñ dünýä tendensiýalary we senagat ösüşiniñ nukdaýnazaryndan parahatçylygyñ ähmiýeti baradaky maslahatlaşmalar geçirildi.

29092024-vsemirnogo-dnya-turizma-v-gruzii (4).jpg

Bellenilişi ýaly, syýahatçylyk milletleriñ arasynda parahatçylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda hem-de ylalaşdyryjy prosessleri goldamakda itergi güýç hökmünde möhüm orun tutup bilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026