HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde Durnukly ulag boýunça ählumumy forumy geçirilýär

Sentýabr 25, 2024 | 21:50 |11327
25-nji sentýabrda Pekinde “Durnukly ulag: dünýäni birleşdirýän logistika” şygary bilen Durnukly ulag boýunça ählumumy forum başlandy. Foruma 26 ýurtdan ulag ministrler we ministrleriniň orunbasarlary derejesinde wekiller gatnaşdy.25-nji sentýabrda Pekinde “Durnukly ulag: dünýäni birleşdirýän logistika” şygary bilen Durnukly ulag boýunça ählumumy forum başlandy. Foruma 26 ýurtdan ulag ministrler we ministrleriniň orunbasarlary derejesinde wekiller gatnaşdy.
Çeşme: chinadaily.com.cn

25-nji sentýabrda Pekinde “Durnukly ulag: dünýäni birleşdirýän logistika” şygary bilen Durnukly ulag boýunça ählumumy forum başlandy. Foruma 26 ýurtdan ulag ministrler we ministrleriniň orunbasarlary derejesinde wekiller gatnaşdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri He Lifen, 2024-nji ýyldaky Durnukly ulag boýunça ählumumy forumyň açylyş dabarasynda çykyş edip, ulagyň durnukly ösüşini ösdürmek we halkara logistikanyň üznüksiz akymyny üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalara çagyrdy diýip, “China Daily” habar berýär.

1-2409251P641Z0.jpg

Hytaý, ulag infrastrukturasynyň gurluşygyny we tehniki hyzmatyny gowulandyrmak, halkara logistika üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny we üznüksiz akymyny saklamak we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli taraplar bilen işleşmäge taýýar diýip, He Lifen aýtdy.

Hytaýyň halkara gatnawy üçin hyzmat kepillikleriniň derejesini ýokarlandyrjakdygyny we “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyň çäginde aragatnaşygy üpjin etmek üçin köp ölçegli toruň döredilmegine goldaw berjekdigini aýtdy.

IRU-nyň Baş sekretary Umberto de Pretto hem açylyş dabarasyna gatnaşdy we 1-nji sessiýa, “Baglanyşyk - adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyryş we kömek çärelerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, durnukly halkara logistika we üpjünçilik zynjyrlaryny gurmak” atly 1-nji sessiýada moderator bolup çykyş etdi.

1-2409251P623130.jpg

Halkara tertibi yzygiderli üýtgeýän şertlerinde logistika üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny güýçlendirmek öňküsinden has möhümdir. Logistika deň täsirlenme tizligine we çydamlylygyna eýe bolmak üçin hemmetaraplaýyn we giň ulag ulgamyny gurmak zerur diýip, beýleki çykyş edenler belledi.

Forumyň ilkinji gününde “Ählumumy dolandyryş – ählumumy durnukly ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly ministrler derejesinde duşuşyk geçirildi, bu ýerde dürli ýurtlardan we sebitlerden ulag edaralarynyň we degişli kärhanalaryň wekilleri bilen pikir alyşyldy.

26-njy sentýabr, penşenbe güni, täze energiýanyň ösüşini öňe sürmek we dünýäniň ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa we az uglerod tehnologiýalaryna geçişini çaltlaşdyrmak boýunça tematiki sessiýa bolar.

25092024-v-pekine-globalnyj-forum-po-ustojchivomu-transportu (2).jpg

Durnukly ulaglar boýunça ählumumy forumyň netijesi boýunça mundan beýläkki işleriň konsepsiýasyny hödürleýän “Pekiniň görüşi” resminamasy kabul ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Oman bilen Eýran Ormuz bogazy boýunça bilelikdäki dolandyryş işine başladylar

Oman bilen Eýran Ormuz bogazy boýunça bilelikdäki dolandyryş işine başladylar

20:00 Iýun 30, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli 1300-den gowrak ölüm hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli 1300-den gowrak ölüm hasaba alyndy

18:00 Iýun 30, 2026
Täze ugur: Ýük otlusy Hytaý bilen Türkmenistany 15 günde baglanyşdyrdy

Täze ugur: Ýük otlusy Hytaý bilen Türkmenistany 15 günde baglanyşdyrdy

17:55 Iýun 30, 2026