HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary okuw mekdepleriniň strategiýalary: QS we THE reýtinglerinde üstünlige ýetmegiň ýollary

Sentýabr 21, 2024 | 11:15 |11228
Daşkent şäherinde Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent Döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ programmasynyň çäklerinde möhüm halkara seminary geçirildi. Bu çäre Özbegistanyň Ýokary okuw bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi bilen bilelikde guraldy. Onlaýn okuw seminar "Ýokary okuw mekdepler üçin Halkara QS we THE reýtinglerine gatnaşmak boýunça ýollary" atly tema bagyşlanyp, ýokary bilim ulgamynyň halkara reýtinglerine goşulmagyň ýollaryny we mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen guraldy.Daşkent şäherinde Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent Döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ programmasynyň çäklerinde möhüm halkara seminary geçirildi. Bu çäre Özbegistanyň Ýokary okuw bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi bilen bilelikde guraldy. Onlaýn okuw seminar "Ýokary okuw mekdepler üçin Halkara QS we THE reýtinglerine gatnaşmak boýunça ýollary" atly tema bagyşlanyp, ýokary bilim ulgamynyň halkara reýtinglerine goşulmagyň ýollaryny we mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen guraldy.
Çeşme: education.gov.tm

Daşkent şäherinde Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent Döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ programmasynyň çäklerinde möhüm halkara seminary geçirildi. Bu çäre Özbegistanyň Ýokary okuw bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi bilen bilelikde guraldy. Onlaýn okuw seminar "Ýokary okuw mekdepler üçin Halkara QS we THE reýtinglerine gatnaşmak boýunça ýollary" atly tema bagyşlanyp, ýokary bilim ulgamynyň halkara reýtinglerine goşulmagyň ýollaryny we mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen guraldy.

Bu onlaýn okuw maslahatyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Olar bilim ulgamynda halkara reýtinglere goşulmagyň we bilim hilini ýokarlandyrmagyň ugurlary boýunça netijeli pikir alyşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen wekilleri bu ulgamda özleriniň toplan tejribelerini paýlaşyp, geljekde ýokary okuw jaýlarynyň halkara reýtinglerinde ornuny pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bilim ulgamynyň halkara derejesinde has-da ösmegine, ýaşlaryň bilim gurşawynda halkara habarlylygyny ýokarlandyrmaga we halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşmagyna uly itergi berer.

Onlaýn okuw seminaryň dowamynda halkara bilermenler, şol sanda Erasmus+ maksatnamasynyň Özbegistandaky wekilleri, ýokary okuw bilim ulgamynyň ýolbaşçylary we Halkara reýtinglerde orun alan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çykyş etdiler. Olar ýokary okuw mekdepleriniň BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde işjeňligini artdyrmagyň, şeýle hem QS we THE reýtinglerine goşulmagyň oňyn täsiri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Onlaýn okuw seminaryň açylyş dabarasynda Özbegistanyň Ýokary okuw bilim, ylym we innowasiýalar ministri Daliýew Şahruh, Milli Erasmus+ maksatnamasynyň Özbegistandaky wekili Aziza Abdurahmanowa we ministrligiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Diýar Umarow çykyş etdiler. Olar ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, ýokary okuw jaýlarynyň halkara reýtinglerde orun almak mümkinçilikleri barada çykyş etdiler.

Dublin uniwersitetiniň professory Ellen Heýzelkorn halkara uniwersitetleriň reýtingleriniň many-mazmuny, reýting ulgamlarynyň kriteriýalary we olaryň kemçilikleri barada giňişleýin çykyş edip, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy babatynda öz tejribesini paýlaşdy.

Bu seminar Ýewropa bileleşiginiň tehniki ýardam maksatnamasynyň (TAM) bir bölegi bolup, onuň maksady ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini döwrebaplaşdyrmak üçin zerur maslahatlary we goldawy bermekden ybaratdyr. Bu ugurda TAM dürli çäreler, seminarlar, konferensiýalar we duşuşyklar arkaly bu maksatlary durmuşa geçirýär. Pikir alyşmalar we maslahatlar netijesinde, türkmen wekilleri bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenip, geljekde ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesinde ornaşmagyna we bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna gönükdirilen anyk maksatlary kesgitlediler. Şeýle hem, seminaryň netijeleri bilim ulgamynyň geljekki ösüşine oňyn täsir etjek täze başlangyçlaryň we taslamalaryň öňüni açdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

18:00 Iýun 25, 2026
Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

12:00 Iýun 25, 2026