HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Kazan bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürýärler

Sentýabr 13, 2024 | 09:28 |7924
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew Kazan şäherinde ýerleşýän Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördi.Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew Kazan şäherinde ýerleşýän Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördi.
Çeşme: tdbsi.edu.tm

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew Kazan şäherinde ýerleşýän Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, Ylmy-barlag institutynyň direktory Alekseý Zwerew Serdar Ataýewi ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan işleri we infrastrukturasy bilen tanyşdyrdy.

Hususan-da, türkmen myhmany bilim we barlaghana toplumynyň otaglary we uniwersitetiň muzeýi bilen tanyşdyryldy. Fijital merkezine aýratyn üns berildi, bu ýerde talyplar fijital sportlaryndaky başarnyklaryny ösdürýärler. Fijital sporty – özünde ýaryşlary iki görnüşde birleşdirýär: sanly we fiziki, esasy wezipesi ýaryşlaryň netijelerine görä iki görnüşde-de iň köp utuk gazanmak.

2023-nji ýylda Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekilen resminamanyň çäginde Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdebiniň rektory we wekilleri Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti tarapyndan geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

22:30 Noýabr 10, 2026
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026