HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanyň gatnaşmagynda TOPH we beýleki ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär

Sentýabr 11, 2024 | 15:12 |14724
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylan iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçirildi.11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylan iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçirildi.
Çeşme: tdh.gov.tm

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylan iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçirildi.

Mary welaýatynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhet nokadyna geçirilen çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň hut özleri gatnaşdy.

Oňyn ýagdaýda geçirilen gepleşiklerden soň, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, “Arkadagyň ak ýoly bilen” Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat — Hyrat böleginiň we Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasy boldy.

6.jpg

Şeýle hem bu çäreleriň çäklerinde “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TAP) elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara ýüzlendi. Şu günki wakalar, Türkmenistanyň häzirki zaman energiýa howpsuzlygy gurluşynyň we sebitleýin we halkara ykdysady ösüş üçin durnukly ulag ulgamyny ösdürmäge ygrarlydygynyň ýene bir tassyklamasy boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026