HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bakuda geçiriljek COY 19 maslahatyna Ýaşlar beýannamasyny taýýarlaýar

Sentýabr 06, 2024 | 18:45 |8618
Türkmenistan Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP29) 29-njy maslahatyna Ýaşlar beýannamasyny taýýarlaýar. Bu maslahata bagyşlanan ilkinji çäre 3-nji sentýabrda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda geçirildi.Türkmenistan Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP29) 29-njy maslahatyna Ýaşlar beýannamasyny taýýarlaýar. Bu maslahata bagyşlanan ilkinji çäre 3-nji sentýabrda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda geçirildi.
Çeşme: world-opportunities.com

Türkmenistan Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP29) 29-njy maslahatyna Ýaşlar beýannamasyny taýýarlaýar. Bu maslahata bagyşlanan ilkinji çäre 3-nji sentýabrda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we BAE-niň ilçihanalary tarapyndan gurnaldy diýlip, DIM-niň habarlar gullugynda habar berilýär.

Bu maslahata ýurduň demirgazyk welaýatynyň ýaşlary gatnaşyp, olara häzirki zaman ekologiýa meselelerini hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň orny baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berildi.

Maslahata 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, ekologiýa meselelerine işjeň gatnaşýan raýatlar, talyplar, şeýle-de BMG-niň edaralarynyň, Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň wekilleri, Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahat mowzuklaýyn bölümçeler görnüşinde geçirilip, oba hojalygyň uýgunlaşmagy, tebigy serişdelerini durnukly dolandyrmak ýaly we beýleki meselelere bagyşlanyldy. Bölümçe işiniň esasynda her topar ýurduň ähli welaýatlarynda geçirilip, Aşgabat şäherinde tamamlanjak şeýle maslahatlaryň netijesinde kabul ediljek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizilmek üçin teklipleri taýýarladylar.

Duşuşyklaryň ahyrynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň isleglerini hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň prosesine bolan garaýyşlaryny açyp görkezýän Ýaşlar beýannamasy kabul ediler. Bu beýannama Bakuda geçiriljek COY19 Ýaşlar maslahatynda hödürleniler hem-de COP29 Maslahatynda YOUNGO-nyň resmi ählumumy çemeleşmesine giriziler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026