HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 27, 2024 | 22:57 |11091
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Çeşme: president.uz

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

27-nji awgust, sişenbe güni geçirilen gepleşikde Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylýandygyny belläp, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň habar bermegine görä, iki ýurduň ulag-üstaşyr kuwwatyny doly derejede ulanmagyň wajyplylygy aýratyn bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ýokary derejä çykarylandygyny belläp, özbek Liderine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gutlag sözlerini beýan etdi.

Hoş sözler üçin minnetdarlygyny bildirip, dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň Baştutanyna hem iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Habarda bellenilişi ýaly, telefon söhbetdeşliginiň dowamynda öňden gazanylan ylalaşyklary hem-de bileleikdäki taslamalary durmuşa geçirimek meseleleri we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026
Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

20:46 Awgust 15, 2026
Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

20:43 Awgust 15, 2026