Aşgabatda Pakistanyň FWO iri kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy


Penşenbe güni, 22-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistanyň “Frontier Works Organization” (FWO) kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.
DIM-iň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “Taraplar şäher ösüşi pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýol we ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, suwaryş ulgamlaryny gurmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar”.
Türkmenistanda iri göwrümli taslamalary we FWO kompaniýasynyň köpýyllyk tejribesini göz öňünde tutup, duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda hyzmatdaşlyk barada pikirler alşyldy.

“Frontier Works Organization” kompaniýasy 1966-njy ýylda dünýäniň iň beýik dag gerişlerinden, şol sanda dünýäniň sekizinji täsinligi hasaplanylýan Karakorum ýolundan gury ýer aragatnaşygyny geçirmek üçin esaslandyryldy. Şondan bäri ol uzak ýol geçip, Päkistanda iri kompaniýalarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda kompaniýa raýat gurluşygynyň köpsanly ugurlarynda ýöriteleşdirilendir. Gurama Küweýtde, Owganystanda, Liberiýada we BAE-da gurluşyk we dikeldiş işleriniň birnäçesini üstünlikli amala aşyrdy.
FWO işiniň esasy ugurlary: ýollar, köprüler, estakadalar, elektrik beketler we elektrik geçiriji ugurlary, tunnel işleri, bentler we suwaryş, demirýol infrastrukturasy, howa menziller, portlar we beýlekiler.
ORIENT news








