HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä bankynyň bilermenleri türkmen hünärmenleri üçin kärhanalarda geçiriljek sowalnama boýunça okuwlary geçirdiler

Awgust 14, 2024 | 15:00 |11135
Geçen anna güni “Kärhanalarda barlag işleri-2024” atly maskatnama boýunça Bütidünýä bankynyň okuw kusrlary tamamlandy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilýän hem-de “Standart Hyzmat” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan bu bäş günlük okuwlar Bütindünýä bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek kärhanalarda sowalnama geçirmek üçin ýerli interwýu alýan žurnalistleri we gözükdirjileri taýýarlady.Geçen anna güni “Kärhanalarda barlag işleri-2024” atly maskatnama boýunça Bütidünýä bankynyň okuw kusrlary tamamlandy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilýän hem-de “Standart Hyzmat” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan bu bäş günlük okuwlar Bütindünýä bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek kärhanalarda sowalnama geçirmek üçin ýerli interwýu alýan žurnalistleri we gözükdirjileri taýýarlady.
Çeşme: Standart Hyzmat

Geçen anna güni “Kärhanalarda barlag işleri-2024” atly maskatnama boýunça Bütidünýä bankynyň okuw kusrlary tamamlandy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilýän hem-de “Standart Hyzmat” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan bu bäş günlük okuwlar Bütindünýä bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek kärhanalarda sowalnama geçirmek üçin ýerli interwýu alýan žurnalistleri we gözükdirjileri taýýarlady.

Presentation by Arvind Jain.jpg

Ýerli hünärmenlere sowalnama usulyýetinde endikleri bermek, maglumat ýygnamak tehnikasy we etiki standartlar bu okuwlaryň esasy maksady boldy. Bütindünýä bankynyň tejribeli ykdysatçylary Arwind Jaýnyň we Nazim Tamkoçuň ýolabşçylygynda on sany ýerli hünarmenler bu okuwa gatnaşdylar. Olar sowalnama geçirmek usullary, maglumat hiliniň üpjün edilmegi we meýdan işleriniň logistikasy boýunça köptaraplaýyn sessiýalary geçirdiler. Okuw tejribeligini ýokarlandyrmak we gatnaşyjylaryň geljekki meýdan işlerine gatnaşmakda taýýarlylygyny üpjün etmek maksady bilen Maksatnamanyň düzümine amaly tabşyryklar we nusga boýunça ýumuşlar girizildi.

Working Process 2.jpg

“Kärhanalarda barlag işleri” maksatnamasy – bu Bütindänýä bankyna gatnaşyjy agza ýurtlarynyň işewürlik gurşawy barada gymmatly maglumat berýän ählumumy başlangyçdyr. Toplanylan maglumatlar işewürligi alyp barmagyň dürli ugurlaryny, şol sanda maliýe ygtyýarlyklary, infrastruktura, bäsdeşlik we öndürijilik ýaly meseleleri öz içine alar. Bu sowalnama Türkmenistana Bütindünýä bankynyň “Business Ready” hasabatyna girmäge ýardam eder. Bul bolsa öz gezeginde ykdysadyýet syýasatyny işläp taýýarlaýan hünarmenlere işewrülik gurşawyny san taýdan bahalandyrmakda we ýokarlandyrmaga degişli ugurlary ýüze çykarmakda möhüm ädim bolar. Bu hasabata goşulmaklyk geljekde ýurtda hususy telekeçiligiň ösmegine ýardam etjek maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna mümkinçilik berer.

Working Process.jpg

Ýerli bilimleriň we tejribäniň giň barlygyna eýe bolan “Standart Hyzmat” hususy kärhanasy sowalnamanyň üstünlikli geçirilmegini üpjün eder. “Standart Hyzmat” Bütindünýä banky tarapyndan bäsdeşlikli satyn alyşlaryň netijesinde hakyna tutuldy. Olaryň gatnaşmagy maglumatlaryň anyk we köptaraplaýyn toplanylmagynda ýerli hyzmatdaşlaryň ähmiýetini aýratyn açyp görkezýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu taslamanyň hyzmatdaşy bolup, sowalnama üçin saýlama esasy we degişli kärhanalaryň baş jeminiň sanawy ýaly tehniki maglumatlar bilen üpjün eder.

Goşmaça maglumat almak üçin “Kähanalarda barlag işleri”.maksatnamasynyň web-sahypasyny açyp görüň.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026