HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ukrainanyň diplomatik žurnaly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň Ukrainada bellenilişi barada makala çap etdi

Awgust 14, 2024 | 12:02 |9360
Ukrainanyň çäginde we ondan daşarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we olaryň işgärleriň işi hem-de durmuşy, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, işewürlük we medeniýet mowzuklary boýunça makalalary neşir edýän Ukrainanyň meşhur «Kyiv Diplomatic» žurnalynyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Ukrainanyň çäginde giňden bellenilşi barada makala neşir edildi.Ukrainanyň çäginde we ondan daşarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we olaryň işgärleriň işi hem-de durmuşy, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, işewürlük we medeniýet mowzuklary boýunça makalalary neşir edýän Ukrainanyň meşhur «Kyiv Diplomatic» žurnalynyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Ukrainanyň çäginde giňden bellenilşi barada makala neşir edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyny tarapyndan berildi

Ukrainanyň çäginde we ondan daşarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we olaryň işgärleriň işi hem-de durmuşy, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, işewürlük we medeniýet mowzuklary boýunça makalalary neşir edýän Ukrainanyň meşhur «Kyiv Diplomatic» žurnalynyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Ukrainanyň çäginde giňden bellenilşi barada makala neşir edildi.

Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guramagynda geçirilen iki sany möhüm çäreler barada aýdylýar. Olaryň birinjisi, şu ýylyň maý aýynda Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda şahyryň ukrain diline goşgular terjimesiniň doly ýygyndysy bolan «Magtymguly Pyragy. Ylham» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasydyr. Makalanyň awtory, täze neşiriň Magtymgulynyň goşgularynyň bahasyna ýetip bolmajak terjimeleri, şeýle hem ömri we döredijiligi barada gyzykly maglumatlaryň özünde jemlenmegi bilen meşhur boljakdygyny ýazýar. Şeýle hem awtor Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýewiň çykyşyna salgylanyp, täze kitabyň nusgawy şahyryň durmuşy we ruhy dünýäsi, şygyrýeti we pelsepewi garaýyşlary hakda köp ýurtlarda we dürli yklymlarda ykrar edilendigini, üç asyr mundan ozal ýaşap geçen beýik şahyryň eserleri şu günki günde hem özüniň terbiýeçilik äheňini ýitirmän häzirki nesiller tarapyndan ahlak, watançylyk, gaýduwsyzlyk, adalatlyk ýörelgeleri oňyn kabul edilýändigini, hem-de şahyryň eserleriniň baý paýhas hazynadygyny, ylhamdygyny, akyldygyny we bilimdigini ýazýar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň möhüm bölegi bolsa “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen geçirilen türkmen medeni we taryhy baýlyklary baradaky sergä aýlanyp görmek boldy.

ÝUNESKO-nyň bilelikde belleniljek senelerine girizilen şahyryň 300 ýyllygy şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäre Ukrainanyň paýtagynda Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda hem bellenilip geçildi.

Bu çäreler daşary ýurtly we ukrain diplomatlary, ukrain hökümetiniň wekilleri, syýasatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, turkmen we ukrain ýaşlary bilen bilelikde bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen onuň Aşgabatdaky diplomatik işiniň jemleri barada pikir alyşdy

Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen onuň Aşgabatdaky diplomatik işiniň jemleri barada pikir alyşdy

21:16 Iýul 18, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

21:05 Iýul 18, 2026
Türkiýede daýwing: batyp galan gämileri we gowaklary görmek üçin iň gowy ýerler

Türkiýede daýwing: batyp galan gämileri we gowaklary görmek üçin iň gowy ýerler

20:59 Iýul 18, 2026