Hazar deňzinde losos balygynyň seýrek duş gelýän görnüşleri tapyldy


Hazar deňzinde losos balygynyň seýrek görnüşi tapyldy. Ony ylmy-gözleg ekspedisiýa toparynyň agzalary gözleg wagtynda ýüze çykardylar. Bu barada Gazagystanyň “Balykçylyk hojalygynyň ylmy-önümçilik merkezi” ÇJH-na salgylanyp, Gazagystanyň halkara habarlar gullugy “Kazinform” habar berýär.
Janly wagtynda alnan biologiki görkezijilere görä, Hazar lososynyň (Salmo caspius) ýa-da Hazar goňur alabalygyň (Salmo trutta caspius) görnüşiniň bedeniniň uzynlygy 47 sm, agramy 1,3 kg.
Ekspedisiýa topary ony surata düşürdiler we balyk hakda wideo ýazgylary taýýarladylar. “Akku” deňiz gämisiniň ekipažy bilen bilelikde toparyň agzalary şeýle seýrek duş gelýän görnüşiniň tutulmagy, janly ýagdaýda barlag işlerini geçirip deňize goýberilmegi barada delilnama düzdüler.
Balyk Hazar deňzine goýberildi.
2023–2025-nji ýyllar üçin “Gazagystanyň Günbatar sebitiniň tebigy-hojalyk we durmuş-ykdysady ulgamlarynyň ýaşyl ösüş şertlerinde durnukly ösüşi: toplumlaýyn seljerme, çaklama bahalary we meýilnama” atly ylmy we tehniki maksatnamanyň çäginde Hazar deňziniň gazak böleginde gözegçilik we nusga almak işleri amala aşyrylýar.
ORIENT news








