Pensilwaniýanyň şäher seýilgähinde ahalteke atlarynyň mekan tutunandyklary barada hekaýa


Steýt-Kolledj – ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky uniwersitet şäherjigi. Ähli ýaşdaky ýaşaýjylarynyň gowy görýän dynç alyş ýerleriniň biri Tudek atly ýerli seýilgähdir. Onuň çäginde (takmynan 400 müň m2) wagty aktiw we passiw ýagdaýda geçirmek üçin zolaklar: oýun we sport meýdançalar, itler üçin seýilgäh, kebelekleriň seýilgähi we beýlekiler ýerleşdirilendir. Ýakynda bolsa bu ýerde dünýänň iň seýrek we gadymy at tohumlarynyň biri hasaplanylýan ahalteke atlarynyň ikisi we taýçanagy mekan tutundy. Olar ýatak hökmünde ulanyp bolýan gurluşygy bar bolan seýilgähiň rahat ýaýlasynda (ýer bölegini kärendesine hem alyp bolýar) mekan tutundylar.
Şeýlelikde, Pensilwaniýa uniwersitetiniň wizual sungatynyň professory Jin Sanders özüniň çaga arzuwyny amala aşyrdy. Ol şäher ilatynyň ahalteke atlaryny synlamaga bolan höwesiniň dörejekdigini çaklap, öz gezeginde ýalňyşmandyr: atlar “steýtkollejlileriň” ünsüni çekdi. Jiniň itleri hem atlara ýoldaş boldular.
Sandersiň pikirine görä, bu ýerli ilata bu ýerde munuň ýaly atlaryň ajaýyp tohumlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi artdyrýar. Ýerli gazete beren gepleşiginde ol birnäçe müňýyllyklar mundan ozal Türkmenistanyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen ahalteke atynyň ABŞ-da bary-ýogy 500-e golaý görnüşleriniň bardygy barada gürrüň berdi.
Öz Watanynda çapyksuwarlygyň ajaýyp mekdebini döreden halkyň durmuşynda aýrylmaz bölegi bolan ahalteke atlary barada gürrüň berip, Jin olaryň ajaýyp daş keşbi we syraty bilen meşhur tohumlarynyň biri hökmünde tanalyp, olaryň gyzykly hadysalardan, howplulyklardan we juda çydamlylykdan doly baý taryhynyň bardygyny belledi.
Atlaryň bu tohumlaryna eýe bolup, olara hytaý imperatorlary, Aleksandr Makedonly, rus generallary ýaly taryhy şahsyýetleriň münendigi hemmä mälim hakykat bolsa-da, neşir Amerikanyň ahalatkeke atlarynyň assosiasiýasynyň maglumatlaryna esaslandy. XX asyrda bu tohuma bolan gyzyklanma gaýdatan ýokarlanyp, ony ýetişdirip köpeltmegiň usulllary dikeldildi.
1979-njy ýylda Wirjiniýaly zawod eýesi Fil Keýs we atlaryň hujywly muşdagy bolan aýaly Margo, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ilkinji ahalteke atlaryny getiridler. Jübüt atçylyk zawodyny açyp, netijede Amerikanyň ahalteke atlarynyň assosiasiýasyny döretdiler. Şeýlelik bilen bu tohumlaryň amerikan tanyşlygy başlandy.
Sanders özüniň ilkinji ahalteke atyny 2009-njy ýylda satyn aldy. “Sufi – tohum baýtaldy. Ony almakam, eýýäm onuň iki taýçanagy bardy. Birisi Awstraliýada tohum öndürijidir, beýlekisi – baýtal, Demirgazyk Karolinada ýaşaýar” – diýip, Sanders gürrüň berýär.
2021-nji ýylda Sanders Sietlden ýaş baýtal Çapuis atly ikinji ahalteke atyny aldy. “Ol ägirt uly ýatakda bütin ýurt boýunça ýol geçdi. Bu äpet uly ýük ulagy gelende, onuň içinden owadan at indi” – diýip, Sanders täsirli pursatlary ýatlaýar.
Soňra Sanders Çapuis üçin jübüt, ýagny Daniýadan bir aýgyr tapyp berdi. Şu ýylyň ýazynda Çapuisiň taýçanagy boldy. Adatça, baýtallar öz çagasyny gijäniň garaňkylygynda, Günüň batmasy bilen dogmasynyň arasynda dünýä indirýärler. Sanders dogumy görmek üçin bütin gije ýatman ýatakda bu waka garaşdy. Emma Çapuisyn we onuň taýçanagynyň başga meýilleri bardy.
Ertesi gün Sanders işindekä telefon jaňyny aldy. Golaýdan geçip barýan adamlar, ýaýlada baýtalyň doguryp ýatandygyny gördüler. Olar Sandersi tananokdylar we onuň bilen nädip habarlaşyp bolýandygyny hem bilenokdylar. Şonuň üçin hem daş töwerekdäki adamlardan sorap başladylar, we olaryň içinde kime jaň etmelidigini bilen biri tapyldy. “Men ol ýere göbegiň kesilmezinden öň we taýçanagyň aýaga durmagyndan öň ýetişdirm” – diýip, Jin gürrüň berýär. Ol özüniň kiçiräk sürüsiniň täze agzasyna Nanuşka adyny dakdy. Sanders dogumyň özüne ýetişmedik bolsa-da, gapaldan geçen adamlar bu pursaty hem surata, hem wideoýazga düşürdiler. Şeýlelik bilen Jinde Nanuşkanyň dünýä inmeginiň ýazgylary bar. Elbetde, täze altynsow goňur baýtal seýilgähe gelýänleriň ünsüni çekýär.

“Adamlar hemişe haýadyň ýanynda durup, onuň suratyny alýarlar. Çapuis bolsa täsin ejedir. Şeýle-de Nanuşkanyň dünýä inen wagty onuň ýanynda göbek ene hökmünde Sufi bardy. Şonuň üçin Nanuşkanyň iki ejesi bardyr” – diýip, Sanders aýdýar. “Kiçijek baýtal muşdaklarynyň ünsünden lezzet alýar. Ol özüniň owadan uzyn aýaklaryny uzadyp we epip ylgaýar, onuň ýüňi diňe şu tohuma mahsus bolan häsiýetli alamatlaryny görkezýär” – diýip, ahalteke atlarynyň daş keşbi beýleki tohumlaryň köpüsinden birnäçe aýratynlyklar bilen tapawutlanýandygyny belläp, ýerli neşir ýazýar.
“Olaryň uzyn ýagyrny, uzyn boýunlary we uzyn aýaklary bolup, olaryň hereketleri saldamly we ýöreýşi owadandyr. Olaryň käbirleri altyndan ýasalan ýaly görünýär. Ýüňleriniň metal ýalpyldysy olaryň tohumyna aýratyn täsinlik berýär. Olaryň örän inçe derisi we gyllary bar. Her gylynyň daşyndaky örtügi ýagtylygy serpikdirýär. Bu has hem açyk reňkli atlarda bildirýär” – diýip, Sanders belleýär.
“Günüň giç sagadynyň ýagtysynda, haçan-da olar ýorunja we ot meýdanynda otlan wagtlary Çapuis we Sufi mis, bürünç, oniks reňkinde öwüsýärler. Bu ýalpyldy olaryň özboluşly gurluşy bilen sazlaşanda bu atlaryň ajaýyplylygy aýdyňlaşýar” – diýip, žurnalist Enni Uoker Steýt-Kollejiň seýilgähindäki ahalteke atlaryny suratlandyrýar.
“Munuň ýaly uzyn ýagyrny beýleki tohumlarda islenilmeýän alamatdyr. Emma ahalteke atlaryna baş öwretme we çydamlylyk ýaly düzgünlerde özüni gowy tarapdan görkezmäge mümkinçilik berýär” – diýip, Sanders gürrüň berýär. Baş öwretme öz bolşunda at baleti bolup, atlardan we olaryň çapyksuwarlaryndan saza goşup horeografiki ädimleriniň birnäçesini ýerine ýetirmäni talap edýär. Baş öwretme üçin atlaryň çalasyňlygy, çeýeligi, deňagramlylygy we güýji bolmalydyr. Ahalteke atlarynyň ajaýyp häsiýetli alamlatlary olary munuň ýaly hereketleri ýerine ýetirmäge gowy uýgunlaşan at hökmünde tanatýarlar. Materialyň bu ýerinde, awtor 1960-1968-nji ýyllar aralygynda Olimpiýa oýunlaryna baş öwretme boýunça ýaryşlara gatnaşyp, altyn, kümüş we bürünç medallaryna eýe bolan meşhur Absent atly ahalteke atyny mysal getirdi.
Sandersiň aýdyşy ýaly, ol atlar bilen bile ulalmandyr. Ol Illinoýs ştatynda Çikagonyň Naperwill şäher eteginde doguldy. Atlaryň haýrany bolup, ol çagalygyndan at şekiljiklerini we bu mowzukdaky sungat eserlerini ýygnap, at çapmak sapaklaryny alýardy, emma atlaryň eýesi bolmak barada diňe arzuw edýärdi.
Soňy bilen, Pensilwaniýa uniwersitetiniň wizual sungaty boýunça professory bolan mahaly ol atyň eýesi bolan bir aspiranta duşdy...
ORIENT news








