HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze "SpaceX Starlink" hemralary asmanda öňkülerinden has ýagty şöhle saçýarlar

Awgust 07, 2024 | 23:40 |9796
SpaceX Ýer şarynyň daşyndan göni aragatnaşygyň müňlerçe hemralary (DTC, direct-to-cell) bar bolan “älemdäki öýjükli aragatnaşygyň diňlerini” döretmekçi. Olar smartfonlara “asmanyň görünýän ähli ýerinde” aragatnaşygy hödürlärler.SpaceX Ýer şarynyň daşyndan göni aragatnaşygyň müňlerçe hemralary (DTC, direct-to-cell) bar bolan “älemdäki öýjükli aragatnaşygyň diňlerini” döretmekçi. Olar smartfonlara “asmanyň görünýän ähli ýerinde” aragatnaşygy hödürlärler.
Çeşme: expressnews.com

SpaceX Ýer şarynyň daşyndan göni aragatnaşygyň müňlerçe hemralary (DTC, direct-to-cell) bar bolan “älemdäki öýjükli aragatnaşygyň diňlerini” döretmekçi. Olar smartfonlara “asmanyň görünýän ähli ýerinde” aragatnaşygy hödürlärler. Starlink DTC hemralarynyň adaty Starlink bilen deňeşdirilende has ýokary ýagtylygy onuň 350 km beýiklikde Ýer şarynyň daşynda aýlanýanlygy bilen düşündirilýär. Şeýlelikde adaty Starlink internet-hemralarynyň beýikligi 550 km barabar.

2024-nji ýylyň ýanwarynda, Starlink DTC hemralarynyň birinji toparyndan alty sanysynyň orbita çykarylyndan bir hepde geçen soň, SpaceX olaryň birisini tekst habarlaryny ibermek üçin ulandy. Maý aýynda kompaniýa wideo jaňlaryň üstünlikli görkezilşini geçirip, 2024-nji ýylyň soňunda T-Mobile operatory bilen abonentleri üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny girizmek boýunça iş alyp barýandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda ýere golaý pes orbitada 100 sany DTC hemralary ýerleşdirildi, olaryň 13-si geçen hepde göýberilen hemralardyr. Mart aýynda DTC hemralarynyň ilkinji toparynyň üstünlikli synagdan geçeninden soň SpaceX ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça Federal komissiýasyndan ygtyýarnamanyň täzelenmegini sorady. Bu bolsa öz gezeginde ýere golaý pes orbitada 7500 DTC-e çenli ulanmaga mümkinçilik berer.

SpaceX adaty Starlink üçin ýagtylygy peseltmek usullaryny 2020-nji ýylda astronomlaryň şikaýatlaryna jogap hökmünde ulanyp başlady. iXBT.com saýtynyň berýän maglumatlarynda bellenilişi ýaly, barlagyň geçirilen döwründe SpaceX DTC hemralary üçin özüniň ýagtylygy peseltmek adaty usullaryny entek ulanmandyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026