Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa çeşmeleriniň söwdasyny giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy


Sişenbe güni Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy bolup geçdi. Çäre Gazagystan Respublikasynyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň başlyklyk etmeginde geçirildi.
Duşuşygy açyp, Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda hem-de energiýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz gelýän gapma-garşylyklarynyň arasynda energiýa serişdeleriniň üpjünçilik durnuklylygynyň ählumumy bozulmalary, nebit we gaz nyrhlarynyň üýtgäp durmaklygy we beýleki sebäpler bardyr.
“Energiýanyň ygtybarly üpjünçiligini amala aşyrmakda bu garşylykly ýagdaýlary dolandyrmak we öňünden bilmek gurallaryny işläp düzmek, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek zerurdyr” – diýip, Satkaliýew teklip etdi.

Mundan başga-da bu duşuşykda energiýa serişdeleriniň söwdasy üçin mümkinçilikleriň giňeltmeginiň, pes uglerodly ugry ösdürmegiň, uglerod bitaraplygyny hem-de tapgyrlaýyn energiýa geçişini gazanmagyň wajyplylygy bellenildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häzirki zaman energiýa infrastrukturasynyň ösüşini ýokarlandyrmak üçin energetika pudagyna maýa goýumlarynyň hemmetaraplaýyn çekilmegi we bilelikdäki iri tehnologiki taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebit hyzmatdaşlygynyň esasy faktory hökmünde bellenildi.
Mundan başga-da gaz pudagy boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmeli.
Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň baştutany häzirki wagtda Gazagystanyň Azerbaýjan we Özbegistan Respublikalary bilen ýaşyl energiýanyň ösdürilmegi we geçirilmegi babatynda ählumumy taslamasyny durmuşa geçirmek işiniň başlandygyny, şeýle-de Gyrgyzystan we Özbegistan Respublikalary bilen Kambaratin SEB-1 uly möçberli suw elektrik bekediniň gurluşygy boýunça işjeň maslahatlaşmalary alyp barýandygyny ýatlatdy.
“Munuň bilen baglylykda, esasan hem, gaz ugry boýunça sebitiň döwletleri bilen munuň ýaly taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýärin” – diýip ol belledi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça, Merkezi Aziýa energetika ministrlikleriniň baştutanlary gelejekde ýurtlaryň arasynda esasy ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlygynyň düýbüni tutjak bilelikdäki beýana gol çekdiler.
Duşuşykda Türkmenistan döwletiniň adyndan ilçi Batyr Rejepow wekilçilik etdi. Bu çäre 9-njy awgustda Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň VI Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirildi.
ORIENT news








