Merkezi Aziýada suw-energetika hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşygyň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar


Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we suwaryş ministrligi “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda suw-energetika hyzmatdaşlygynyň guralyny döretmek barada” ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlaýar. Bu barada suw diplomatiýasy ugrunyň ýarym ýyllynyň netijeleri boýunça ministrligiň berýän habarynda aýdylýar.
Ýylyň başyndan Araly halas etmek boýunça halkara Gaznasynyň başlyklygy Gazagystan Respublikasyna geçdi. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyndaky bu Gazna sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga we Aral deňzini halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki döwletara ekologiýa we ylmy-amaly maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýar. Ministrlikde habar berilmegine görä, bu ýyl Suw serişdeler we suwaryş ministrligi Bütindünýä banky bilen bilelikde amala aşyrýan Demirgazyk Aral deňzini dikletmek baradaky taslamasyny başlamaga meýilleşdirýär.
Döwletara utgaşdyrylan suw hojalyk komissiýasynyň 86-njy mejlisinde Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeler we suwaryş ministrliginiň ministri Nuržan Nuržigitow Gazagystanda suwaryş döwründe “Dostyk” döwleatara ugry boýunça 922 mln m3 suwuň geçirilmegi barada ylalaşdy.
Şu-Talass suw hojalyk komissiýasynyň 33-nji mejlisinde bolsa Gyrgyzystandan Gazagystana Şu derýasy bilen 180 mln m3 suwuň we Talas derýasy bilen 380 mln m3 suwuň geçirilmegi barada ylalaşyga ýetildi.
Ýylyň başyndan Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeler we suwaryş ministriligi Hytaý bilen 20-den köpräk derýa boýunça gepleşikleri geçirýär. Olaryň arasynda – üç sany iri sehetüsti derýalar bar – Ýertis, Ili we Emel. Häzirki wagta taraplar suw bölünişik meselesinde birnäçe ylalaşyklaryň maddalary boýunça ýeke-täk pikire geldiler.
Gazagystan Özbegistan bilen iki ýurduň suw harçlanyşynyň takyk möçberini hasaplaýan hasaplaýjylaryň gurnalmagy barada ylalaşdy. Şeýlelikde, Gazagystan Özbegistanyň çäginde hasaplaýjylary oturdar, özbek tarapy bolsa – bizde.
Bu ýyl Gazagystan Respublikasy BMG-niň Gämi gatnawy bolmadyk görnüşleriniň halkara suw akymlaryny ulanmak hukugy baradaky Konwensiýa goşulyşdy. Konwensiýa halkara resminama bolup, ol serhetüsti derýalaryň, kölleriň we olar bilen baglanyşykly ýerasty suwlaryň adalatly bölünişigini üpjün edýär hem-de onuň ulanylyşyny düzgünleşdirýär.
ORIENT news








