Elektron söwdasy türkmen işewürligine täze daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär


Elektron söwdasy Türkmenistandaky kiçi işewürligine täze halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Milli resminamalaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň Döwlet maksatnamasynda sanly ulgama geçmeklik ileri tutulýan ugur hasaplanylýar.
Bu maksada ýetmek üçin 23-24-nji iýulda Aşgabat şäherinde Halkara söwda merkezi (ITC) täze hukuk we syýasy gurallary işläp düzmek boýunça tehniki seminarlary geçirdi.
Seminara Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Gatnaşyklar agentligi ýaly döwlet edaralary we işewürlik toparlary gatnaşdylar. Seminarda elektron söwda ugry boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň maksatlary, bar bolan kadalaşdyryjy hukuk binýady ara alyp malsahatlaşylyp, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça syýasatyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Halkara söwda merkeziniň habarlarynda BMG-niň Halkara söwda hukugy boýuça Komissiýasynyň Sekretariatynyň bilermeni bu guramanyň sanly ykdysadyýet üçin döwrebap hasaplanylýan nusgalyk kanunlary bilen tanyşdyrandygy barada aýdylýar.

Türkmenistandaky kiçi işewürlik üçin elektron söwdasynyň meselelerine we mümkinçiliklerine hususy edaralaryň ünsüniň çekilmegi uly ähmiýte eýedir. Işewürligi goldamak boýunça guramalaryň we Telekeçiler birleşmesiniň kömegi bilen geçirilen ITC seminarlary olaryň sanly ulgama geçmekliginiň zerurlyklaryna gönükdirildi. Bilelikdäki bu çemeleşmäniň jemleýji reformalary we strategiýalary Türkmenistanda elektron söwdasynyň ösmegine işjeň we oňaýly täsir ýetirilişini kepillendirýändigini Halkara söwda merkeziniň bilermenleri bellediler.

Bu missiýa Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwda we integrasiýa durnuklylygynyň ösdürilmegi” atly HSM-niň taslamasynyň bir bölegi bolup durýar. Ylalaşyga gol çekmek dabarasy Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçen ýylyň oktýabrynda Brýusselde geçirilen Global Gateway forumynyň çäklerinde bolup geçdi.
Taslama iş şertlerini gowulandyrmak hem-de kiçi we orta kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösmegine gönükdirilendir. Bu başlangyç Türkmenistanyň sebit we ählumumy söwda gatnaşyklaryna, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gatnaşyklaryna öz oňaýly täsirini ýetirýär.
Taslama Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir. Onuň maksatlary: Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak işine syýasatçylaryň gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek; gymmaty döretmegiň durnukly ulgamlaryna kiçi we orta kärhanalarynyň goşulmagyny giňeltmek: söwda düzgünlerini aňsatlaşdyrmak boýunça özgertmeleri durmuşa geçirmekde edaralaryň kuwwatyny pugtalandyrmak; gender nukdaýzanarlaryny hasaba almak bilen söwda düzgünlerini aňsatlaşdyrmak boýunça tejribeleri ýokarlandyrmak; elektron söwda we maýa goýumlary ýeňilleşdirmek üçin kämilleşdirilen ekoulgam.
HSM-niň missiýasy Türkmenistanda elektron söwdasynyň ýokary depginli ekoulgamyny döretmek ugrunda möhüm ädimdir. Kadalaşdyryjy we tejribe meselelerini çözüp, bu taslama içki özgertmeleri goldamak ugrunda döwlet edaralarynda ylalaşyklary gazanmaga we habarlylygy ýokarlandyrmaga mümkiçlik berýär. Bu özgertmeler Türkmenistanyň sanly söwdasynyň ählumumy meýdançasyna geçmekligine has hem ýardam eder.
ORIENT news




