“Türkmenawtoulaglary” şu ýylyň birinji ýarymynda ýokary netijeleri gazandy


Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi ýolagçy gatnatmakda bellenen meýilnamany 105,2% ýerine ýetirdi. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.
Agentlik tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 122 million 362 müň 300 ýolagçy gatnadyldy. Bu ugurda 2023-nji ýylyň netijesi 118 million 533 müň 600 ýolagçy bolupdy (ösüş 103,2%).
Ýylyň birinji ýarymynda ýolagçy dolanyşygy (ýolagçy-kilometrde ýolagçy gatnawynyň mukdaryny görkezýän görkeziji) 1 milliard 101 million 912 müň ýolagçy/kilometr bolup, bellenilen meýilnama 107,6% ýerine ýetirildi. Munuň özi geçen ýylyň görkezijisinden 36 million 106 müň ýolagçy/kilometr artyk boldy (ösüş 103,4%).
“Türkmenawtoulaglary” agentligi şu ýylyň birinji ýarymynda ýük daşamak boýunça hem möhüm netijeleri gazandy.
Agentligiň resmi web saýtynda bellenilişi ýaly agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan ýylyň birinji ýarymynda 8 million 210 müň 700 tonna ýük daşalyp, umumy meýilnama 101,7% ýerine ýetirildi.
Geçen ýylyň şol döwründe 7 million 970 müň 800 tonna ýük daşalypdy (239 müň 900 tonna artyk).
Ýükleriň dolanyşygy 220 million 27 müň tonna/kilometr bolup, bu ugurda meýilnama 105,6% ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň şol döwründe bu görkeziji 213 million 705 müň tonna/kilometr bolupdy.
ORIENT news








