Hindistan Demirgazyk deňiz ýoly we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýükleriň daşalşyny giňeltmegi meýilleşdirýär


Hindistan Çennaý – Wladiwostok ugry boýunça, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi we Demirgazyk deňiz ýoly boýunça ýükleriň daşalşyny artdyrmak isleýär. Bu barada Hindistanyň Eksport guramalary federasiýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ajaý Sahaýyň sözlerine salgylanyp, TASS habarlar gullugy habar berýär.
Onuň sözlerine görä, Hindistan we Russiýa arasyndaky ikitaraplaýyn söwdada Çennaý — Wladiwostok ugrunyň, “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň we Demirgazyk deňiz ýolunyň ulanylmagy arkaly ýük üpjünçiligiň ösmegine goşant goşar.
Wladiwostok— Çennaý ugry boýunça, şeýle hem “Gündogar deňiz geçelgesi” (Eastern Maritime Corridor) ady bilen belli halkara ulag geçelgesi Ýapon deňziniň, Günorta Hytaý deňziniň we Malakka bogazynyň üstünden geçýär. Bu ugur häzirki wagtda belli bolan Sankt-Peterburgdan Mumbaýa çenli 8,675 deňiz miline (16,000 km) deň bolan ugruny 5675 deňiz miline (10,500 km) çenli gysgaltmaga mümkinçilik berer. Täze ugur boýunça ýükleri daşalşy takmynan 10-12 günüň dowamynda amala aşyrylar. Çykdajylaryň 30%-den gowrak azalmagyna kömek eder diýlip garaşylýar.
ORIENT news








