Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazna bazaryndaky çökgünlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki görkezijiler birden aşak düşdi

Awgust 07, 2024 | 10:32 |8191
Gazna bazary uly çökgünligi başdan geçirýär. Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki biržadaky söwdalaryň görkezijileri birden peselip başlandy.Gazna bazary uly çökgünligi başdan geçirýär. Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki biržadaky söwdalaryň görkezijileri birden peselip başlandy.
Çeşme: ria.ru

Gazna bazary uly çökgünligi başdan geçirýär. Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki biržadaky söwdalaryň görkezijileri birden peselip başlandy, “Euronews” habar berýär.

Duşenbe güni ABŞ-nyň ykdysadyýetinden maýadarlaryň alada galmaklary esasynda Ýaponiýanyň gazna görkezijisi Nikkei 225 paýnamasy 12,4% aşak düşdi we çökgünligiň bolup biljekdigi baradaky aladalary artdyrdy. Ozal bu görkeziji 13,4%-e çenli aşaklady, bu 1987-nji ýyldan bäri iň pes derejedir.

Paýnamalaryň hemmesi diýen ýaly ýitgä galyp söwda edýär. Günüň ikinji ýarymynda satuwyň güýçlenmegi bilen TOPIX has giňişleýin görkezijisi 12,8%-e çenli aşaklady. Otuz sany iri tehnologiýa kompaniýasynyň paýnamalarynyň kesilen nyrhyny görkezýän Gonkongyň Hang Seng birža gaznasynyň esasy görkezijisi 1,53% aşaklady.

Kripto walýuta bazary hem bir gapdala galmady: Bitkoiniň bahasy 18% aşak düşdi, bu tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalaryna täsir etdi.

Ýaponiýanyň bazarlary iň uly ýitgi çekdi. Geçen hepde Ýaponiýanyň Banky goýumlaryň goterim derejesi galdyrdy we ýeniň bahasy çalt ýokary galdy. Goýumlaryň ýokarlanmagy ýapon ýeniniň uzak wagtlap gowşamagyna sebäp bolup, inflýasiýanyň görkezijisiniň 2%-den ýokary galmagyna getirdi.

Geçen aý ABŞ-ly iş berijileriň arasynda iş üpjünçiliginiň ösüşiniň haýallandygy baradaky maglumatlaryň täsiri esasynda maliýe bazarlary anna güni pese gaçyp başlady. Maýa goýumçylar inflýasiýanyň öňüni almaga gönükdirilen goýumlaryň göteriminiň ýokarlandyrylmagy ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň pese düşmegine getirip biler.

Ählumymy arzanladyş wagtynda Ýewropanyň gazna barazy duşenbe güni peselmegi bilen açyldy we ABŞ-nyň gazna bazarynyň pese gaçmagyna garaşylýar. Stambulyň gazna biržasy söwdany togtatdy.

Şeýlelik bilen, goýumlaryň göterim derejeleriniň ýokarlanmagy we ABŞ-nyň ykdysady ýagdaýy baradaky aladalar sebäpli dünýä bazarlary basyş astynda.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026