Ýaponiýa Merkezi Aziýadan Hazarüsti söwda geçelgesini goldar


"The Japan Times"-yň habar bermegine görä, Ýaponiýa Merkezi Aziýa sebitine goşmaça ykdysady goldawy bermekçi. “Ýaponiýa-Merkezi Aziýa” sammitinde premýer-ministr Fumio Kisida tarapyndan birnäçe teklip bilen resmi taýdan çykyş edilmegine garaşylýar. Merkezi Aziýa sebitiniň ýurt baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky bu çäre indiki hepde Gazagystanda geçirilmeli.
Duşuşygyň gün tertibine Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän Hazarüsti deňiz gämi gatnawynyň ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşylmagy hem girizilmeli. Bu babatda Tokio gümrük işlerini resmileşdirmek üçin sanly tehnologiýalarynyň taýýarlanylmagy arkaly “maddy däl goldawy" bermäge taýýar.
Şeýle-de Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan döwletleri kömürturşy gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy babatynda hem ýardam alarlar. Ýapon kompaniýalary tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi üçin karz we tehnologiýa ýardamyny we dürli görnüşli goldawlary etmäge taýyn.
Ýapon metbugatyň habar bermegine görä, Kisida wodorod we tebigy gazdan öndürilen dökünler ýaly ýokary goşmaça gymmatly eksport önümleriniň öndürilmeginde Ýaponiýanyň goldaw berjekdigini teklip eder.
Galyberse-de, Ýaponiýa döwleti tarapyndan professional okuwlarynyň ýapon maksatnamalryna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işgärleriniň ugradylmagy teklip ediler. Bu maksatnamalar arkaly ululygy boýunça 4-nji ýerde duran dünýä ykdysadyýeti işçi güýji bilen baglanyşykly ýiti ýetmezçilik meselesini çözmäge çalyşýar.
Mundan öň bolsa, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça kömekçisi Jeýms O’Braýnen Merkezi Aziýa ýurtlary üçin täze söwda ýollarynyň ösdürilmeginiň meýilnamalary barada belläp geçdi. ABŞ Senatynyň daşary işler boýunça komitetiniň geçiren diňlemelerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “juda baýdyklaryny” döwlet gullukçysy belledi. Olary halkara bazarlaryna çykarmak maksady bilen Waşington gury ýer bölegi Ermenistanyň we Azerbaýjanyň çäklerinden geçiriljek täze söwda ugrunyň döredilmegini teklip edýär.
Ýakynda Ýewropa Bileleşigi Hazarüsti halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi. Bu barada 1-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler mnistri – premýer-ministriň orunbasary Murat Nurtleu Astanada Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel bilen geçirilen gepleşikleriniň netijesinde habar berdi.
Ýylyň başynda Ýewropa Bileleşigi bu ugruň ösdürilmegine karz hökmünde 10 mlrd ýewro bölüp berjekdigi barada ynandyrdy.
ORIENT news








