Bilermen: Merkezi Aziýanyň dünýä açyklygy umumysebit syýasatynyň hökmany şerti bolmagynda galmalydyr


Bu barada 2-nji awsgutda Astanada geçirilen Özbek-Gazagystan Bilermenler Geňeşiniň 1-nji mejlisinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiýa we Sebitara barlag Institutynyň direktorynyň birinji orunbasary Akramjon Nýematow öz çykyşynda belläp geçdi.
Institutyň (SSBI) Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystanyň strategiýa barlaglar instituty bilen bilelikde gurnan çäresine ministrlikleriň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, iki ýurduň bilermenleri hem gatnaşdy.
A.Nýematowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda dünýä toplumlaýyn çylşyrymly çökgünligi başdan geçirýär. Halkara gatnaşyklar ulgamy uzakmöhletleýin näbellilik ýagdaýy bilen garşylaşdy. Akramjon Nýematowyň sözlerine görä, geljekki ýyllaryň häsiýetli alamatlarynyň biri bolsa daşky gurşawyň durnuksyzlygy bolmagy mümkin.
Bu bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegini haýalladar. Bilermeniň aýtmagyna göra, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde we howpsuzlyk üçin töwekgelçilikleri aradan aýyrmakda sebitara hyzmatdaşlygy ýeketäk işjeň gural bolup durýar.
Bilermeniň belleýşi ýaly: “Sebitde erkin söwda we önümçilik-tehnologiki bitewiligi üçin özarabaglanyşykly bazary, umumy giňişligi döredip, ony ählumumy goşmaça gymmat ulgamyna ornaşdyryp, sebitimizi sebitara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrüp, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr”.
Sebitara syýasatyň esasy şerti hökmünde Merkezi Aziýanyň dünýä açyklygy bolup, onuň daşky gatnaşyjylar bilen netijeli arabaglanyşygy bolmalydyr.
Bu babatda Ýewraziýanyň birleşmelerine işjeň gatnaşylmagy, sebitden daşarky gatnaşyjylaryň ählisi bilen deňagramly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy bilen bilelikde, sebitiň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm transsebit ulag-logistik we önümçilik-tehnologiki böleginiň bolmagyna getirer.
Şeýle-de A.Nýematow sebit maksatnamasynyň kabul edilmeginiň esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçmekliginiň we elektron söwdanyň ýeketäk meýdançasynyň döredilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtap geçdi.
Sanly ulgamyň ösdürilmegi işiň açyklygyny, dolandyryş institutlaryň netijeliligini ýokarlandyryp, maýa goýum üçin amatly gurşawyň döredilmegine mümkiniçlik berer, diýip bilermen ynam bilen belläp geçdi.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary sebitde azyk we suw hopsuzlygyny üpjün etmekde bitewi çemeleşmeleri amala aşyrmaly. “Bu bolsa Azyk hopsuzlygyň Sebit strategiýasynyň we Serhetüsti suw akymlarynyň suw serişdeleriniň rejeli ulanmagyň Strategiýasynyň kabul edilmegini talap edýär” - diýip, bilermen belläp geçdi.
“Ulag we logistika ulgamlarynda meseleleriň oňyn çözülmegi üçin Merkezi Aziýada Ulag geçelgeleriniň sebit strategiýasynyň, Merkezi Aziýanyň ulag ulgamynyň durnukly ösüşiniň Sebit maksatnamasynyň kabul edilmegi, hem-de sebitde ulag-logistik pudagynyň ösdürilmegine bileikde gözegçilik etmek üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag kommunikasýa boýunça Sebit geňeşiniň döredilmegi teklip eidlýär” - diýip, bilermen belledi.
Dünýä ykdysadyýetiniň kynçylykly şertlerinde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde tagalallaryň birleşdirilmeginiň zerurdygy barada hem aýratyn aýdyldy.
Bulary göz öňünde tutup, A.Nýematow howpsuzlygyň durnukly ösüş bilen berk arabaglanyşygyny hasaba alyp, Merkezi Aziýanyň bitewi howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurtlarymyzyň ornunyň we jogapkärçiliginiň kesgitlnilmegi, bilelikdäki işleriň alnyp barylmagynyň wajyplygy barada hem nygtap geçdi.
Bilermeniň aýtmagyna görä, bu gün Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky orny artdyrylýar. Merkezi Aziýanyň adam, serişde, çig mal we önümçilik kuwwaty halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekip, dünýä arensynda sebitiň orny we ähmiýeti ösdürliýär.
“Bu şertlerde strategiki gepleşikleriň dowamt etdirilmegi we ösdürilmegi – döwrüň talabydyr. Ýokarda agzalan çäreleriň geçirilmegi, hereketlerimiziň sazlaşygy sebitiň içerki gorlarynyň dolulygyna peýdalanylmagyna mümkinçilik berer, Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny ep-esli derejede ýokarlandyrar” - diýip, Akramjon Ilhamowiç nygtady.








