Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary magistraturada okamak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Ýaponiýa ugradyldy. Sukuba uniwersitetinde geçiriljek okuw we ylmy tejribe 2026-njy ýylyň sentýabryndan 2029-njy ýylyň mart aýyna çenli dowam eder.
Bu sapar Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» («Global Leader of SDGs») maksatnamasynyň çäklerinde guralýar. Okuw sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň 2025-nji ýylyň aprelinde wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasyna esaslanýar.
Okuw maksatnamasyna kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Wepa Abdysetdarow we himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Mergen Nunnakow gatnaşýar. Iki ýarym ýylyň dowamynda ýaş alymlar wodorod energetikasynyň tehnologiýalaryny we durnukly ösüş usullaryny öwrenerler.
Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde hünärmenleriň taýýarlanmagy dünýäniň ösen tejribesini Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalaryny we ekologiýa taýdan arassa energetikasyny ösdürmekde ulanmaga mümkinçilik berer.
*ORIENT







