HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gollandiýaly kompaniýalar Türkmenistana oba hojalygy boýunça hünärmenleriniň jogap saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler

Awgust 02, 2024 | 20:40 |14020
Gollandiýadaky ýurduň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Gollandiýaly kompaniýalara oba hojalyk pudagynda söwda we halkara işewürligini ösdürmäge kömek edýän abraýly halkara guramasy "East-West Trade" guramasynyň dolandyryjy müdiri Muhammet Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşyga häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Gollandiýanyň Gazgystandaky öňki ilçisi Piter wan Lewen hem gatnaşdy.Gollandiýadaky ýurduň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Gollandiýaly kompaniýalara oba hojalyk pudagynda söwda we halkara işewürligini ösdürmäge kömek edýän abraýly halkara guramasy "East-West Trade" guramasynyň dolandyryjy müdiri Muhammet Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşyga häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Gollandiýanyň Gazgystandaky öňki ilçisi Piter wan Lewen hem gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Gollandiýadaky ýurduň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Gollandiýaly kompaniýalara oba hojalyk pudagynda söwda we halkara işewürligini ösdürmäge kömek edýän abraýly halkara guramasy "East-West Trade" guramasynyň dolandyryjy müdiri Muhammet Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşyga häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Gollandiýanyň Gazgystandaky öňki ilçisi Piter van Lewen hem gatnaşdy.

Duşuşykda Muhammet Reza Maşadi oba hojalygy boýunça türkmen hünärmenleriniň Amsterdama bolan saparynyň we şu ýylyň iýun aýynda türkmen bazarynda geçirilen aýratyn forumyň üstünliklerine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda türkmen bazaryny öwrenmek isleýän Gollandiýaly kompaniýalaryň sanynyň artýandygyny aýtdy. Bu gyzyklanmanyň ýokarlanmagy, hususy pudakdan we Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginden wekilleriň gatnaşmagy öz içine alýan ýokarda agzalan türkmen wekilýetiniňý saparyna gönüden-göni jogap. Muhammet Rezanyň pikiriçe, Gollandiýaly kompaniýalar “ýaşyl” ýyladyşhana, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we däne ekinleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Bu tabşyrygyň deslapky meýilnamasy, Türkmenistanyň oba hojalygy üçin jogapkär hususy pudagyň we döwlet edaralary bilen duşuşyklar guramak, forum, dürli çykyşlar, uniwersitetlerde umumy sapaklar we degişli ýerlere baryp görmegi öz içine alýar.

Bu başlangyç, türkmen telekeçilerine oba hojalygynyň ösen tehnologiýalaryny öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döreden Amsterdama bolan üstünlikli geçen türkmen oba hojalygy pudagynyň wekilleriniň saparyndan soň ýüze çykdy. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar we howanyň üýtgemegi sebäpli aýratyn möhüm bolan metanyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara borçnamalary duşuşygyň esasy mowzuklary boldy.

02082024-East-West Trade-turkmenistan (2).JPG

Türkmenistan bilen Gollandiýada oba hojalygy has möhüm bolan dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin köp mümkinçiliklere eýedir. Ilçihananyň bellemegine görä, şeýle saparlaryň guralmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we dürli ugurlarda bilelikdäki iş üçin täze gözýetimleri açmaga kömek edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

20:02 Iýul 15, 2026
ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

18:00 Iýul 15, 2026