HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ugry boýunça 100 sany ýük otlusy ugradyldy

Awgust 02, 2024 | 11:24 |12455
2024-nji ýylyň başyndan bäri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ulag geçelgesi oňyn netijeleri görkezdi, 100 sany ýük otlusynyň ugradylandygy hasaba alyndy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 103,94% ýokarlandy.2024-nji ýylyň başyndan bäri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ulag geçelgesi oňyn netijeleri görkezdi, 100 sany ýük otlusynyň ugradylandygy hasaba alyndy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 103,94% ýokarlandy.
Çeşme: russian.news.cn

2024-nji ýylyň başyndan bäri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ulag geçelgesi oňyn netijeleri görkezdi, 100 sany ýük otlusynyň ugradylandygy hasaba alyndy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 103,94% ýokarlandy. Bu barada “Hytaý demir ýollary” korporasiýasynyň urumçydaky bölümine salgylanyp, Sinhua habarlar agentligi habar berýär.

Bu multimodal ulag geçelgesi Hytaýdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan geçýän möhüm logistika ýoludyr we awtoulaglar we demir ýollar arkaly amala aşyrylýan garyşyk ýük daşamalary öz içine alýar. Bu ugur Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Kaşgar Demirgazyk stansiýasyndan başlaýar. Konteýnerler demir ýol arkaly bu stansiýa eltilýär, soňra Irkeştam barlag nokadyndan Gyrgyzystana we Özbegistana, soňra bolsa beýleki ýurtlara gitmek üçin awtomobil ýollar arkaly dowam edýär.

Hytaý bilen Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygynyň ösüşi esasanam “Bir guşak, bir ýol” başlangyjygynyň çäginde duýulýar. 2024-nji ýylda demir ýol arkaly Kaşgardan üstaşyr daşalýan harytlaryň mukdary ep-esli ýokarlandy we 100 müň tonnadan geçdi, bu bolsa geçen ýyldakydan 53,3 müň tonna köpdir.

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan multimodal ulag geçelgesi 2020-nji ýylda açyldy we şondan bäri Hytaýyň Guandun-Sýangan (Gonkong)-Aomen (Makao), Uly Aýlag sebiti, Pekin-Týanzin-Hebeý hem-de Syçuan we Çzýansu ýaly dürli sebitlerine ugardylýan otlylaryň sany yzygider artyp gelýär. Ilki bilen bu ugurda egin-eşik we metal gurallary ýaly 30-dan gowrak görnüşli harytlar daşaldy. Häzirki wagtda daşalýan harytlaryň 300-den gowrak görnüşi şol sanda energiýanyň täze çeşmeleri üçin awto ulaglar we ätiýaçlyk şaýlary ýaly harytlaryň bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026