HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

Awgust 01, 2024 | 00:13 |13295
Çarşenbe güni, 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.Çarşenbe güni, 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Çeşme: tv.online.tm

Çarşenbe güni, 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany iki ýurduň arasynda energiýa, senagat, ulag we aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Prezident, gaz, nebithimiýa we elektrik energiýasy pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary şeýle hem geljegi bar bolan bilelikdäki işleriň wezipelerini kesgitledi diýip, döwlet habarlar gullugy bolan TDH habar berýär.

Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki hyzmadaşlygyň ähli ugurlary bilen bir hatarda energiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga Türkiýe Respublikasynyň taýýardygyny ynandyrdy.

Şeýle hem 30-31-nji iýul aralygynda Aşgabada saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar birnäçe degişli pudak edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. “Türkmen tebigy gazyny Türkiýe Respublikasyna iberilmegi boýunça taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi” – diýip, TDH belleýär.

Ozal Türkmenistanda halkara konsorsiumlarynyň düzüminde türk kompaniýalary, karbamid, suwuk ammiak, kükürt kislotasy we sintetiki benzin öndürýän zawodlaryň gurluşygyna gatnaşypdy.

Baýraktaryň şu gezekki sapary wagtynda Türkmenistanyň gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryny - kaliý duzuny, ýody, metal magdanlaryny özleşdirmekde hem-de ýokary tehnologiýaly we eksporta gönükdirilen önümçiligi döretmekde türk tarapynyň gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň ýene bir ugry Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna elektrik energiýasy, şol sanda Balkan welaýynda gurulýan kuwwatlygy 1,574 megawatt bolan elektrik stansiýasyndan eksport etmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026
Tramp UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýta Ak tamyň metbugat sekretary wezipesini teklip etdi

Tramp UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýta Ak tamyň metbugat sekretary wezipesini teklip etdi

13:30 Noýabr 09, 2026