HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti üç welaýata täze häkim belledi

Iýul 30, 2024 | 04:00 |27997
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üç welaýatyň – Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň täze häkimlerini belledi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üç welaýatyň – Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň täze häkimlerini belledi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üç welaýatyň – Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň täze häkimlerini belledi.

Sebitleriň häkimleriniň çalşyrylmagy baradaky resminamalar Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web sahypasynda çap edildi.

Hususan-da, Döwlet Baştutanynyň Permany bilen Röwşen Hojagulyýew we Şöhrat Amangeldiýew başga işe geçmegi sebäpli degişlilikde Ahal we Lebap welaýatlarynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine häzirki wagta çenli Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinde işlän Soltanmyrat Soltanmyradowy belledi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory wezipesinde işlän Döwletgeldi Babaýewi belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işlän Maksat Annanepesowy belledi.

Mundan başga-da, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly geçirilen mejlisleriniň kararlary tassyklandy, ýagny Akjemal Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, bu wezipä Oguljennet Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026