Türkmenistanyň Daşary işler ministri gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 29-njy iýulda gyrgyz we gazak kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini, iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar we ýokary derejeli wekiliýetleriň alyş-çalşygy, halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde 24-25-nji iýulda Çolpan-Atada geçirilen gyrgyz-türkmen söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň VI mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Premýer-ministriň orunbasary – Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, bu barada Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde bellinildi.
Mundan öň Akorda web sahypasy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň 9-njy awgustda Astana şäherinde geçiriljekdigini habar berdi. Öňki, 5-nji duşuşyk 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçirildi.
Şeýle hem şenbe güni Raşid Meredow täjik kärdeşi Sirojiddin Muhriddin bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde ýokary derejedäki gatnaşyklary ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








