HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ Hytaýyň eksport-import otlylaryny Türkmenistanyň çäginden geçirýär

Iýul 29, 2024 | 14:09 |10857
Konteýner daşamagyň milli operatory hökmünde «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ (TULM), beýleki operatorlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýän köp ugurlar boýunça demirýol konteýner ýük daşamalaryny üstünlikli amala aşyrýar.Konteýner daşamagyň milli operatory hökmünde «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ (TULM), beýleki operatorlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýän köp ugurlar boýunça demirýol konteýner ýük daşamalaryny üstünlikli amala aşyrýar.
Çeşme: «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ tarapyndan berildi

Konteýner daşamagyň milli operatory hökmünde «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ (TULM), beýleki operatorlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýän köp ugurlar boýunça demirýol konteýner ýük daşamalaryny üstünlikli amala aşyrýar.

Hytaýdan Ýakyn Gündogara ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2024-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Pekinde Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran konteýner otlusynyň we gaýdyşyn ugruny göz öňünde tutup, gatnaşyjy ýurtlar Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň wekilleriň arasynda dört taraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran konteýner otlylarynyň doly tertibini öwrendiler, bu ugurda konteýner otlylary üçin ýeňillikli nyrhlar barada ylalaşdylar şeýle hem Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran we yzyna gaýdýan ähli demirýol otlylarynyň bellenen tertibini öwrenmek üçin hünärmenler toparyny döretmek üçin hünärmenleriň bellenilmegini ara alyp maslahatlaşdy.

Mundan başga-da, taraplar 15 gün dowam etjek bu ugur boýunça ýükleri daşamagyň möhleti barada ylalaşdylar.

«Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ «KTZ Express» PJ bilen bilelikde 40-futlyk 45 (kyrk bäş) sany konteýnerden (ýük - dürli görnüşli awtoulag bölekleri) ybarat bolan Sian-Altynköl-Bolaşak-Etrek-Tähran ugry boýunça Hytaýyň eksport konteýnerl synag otlusyny gurady.

Şeýle hem, Kum-Etrek-Bolaşak-Altynköl-Iu gaýdyş ugry boýunça 40-futlyk 50 (elli) sany konteýnerden (ýük - gips tozy) ybarat Eýranyň eksport otlusy guraldy. Etrek demir ýol menzilinde konteýner otlusyndaky ýükler gidişin giň koleýadan dar koleýa, gaýdyşyn dar koleýadan giň koleýa geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026