HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Belgiýa Patyşalygynyň futbol assosasiýasy türkmen tälimçilerine we oýunçylaryna tälim bererler

Iýul 27, 2024 | 21:40 |13118
Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosasiýasy öz tejribesini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýyn. Resmi gatnaşyklary ýola goýmak we iki ýurduň futbol federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Palwanow bilen RBFA-nyň (Royal Belgian Football Association) direktory Peters Willems ara alnyp maslahatlaşdy.Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosasiýasy öz tejribesini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýyn. Resmi gatnaşyklary ýola goýmak we iki ýurduň futbol federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Palwanow bilen RBFA-nyň (Royal Belgian Football Association) direktory Peters Willems ara alnyp maslahatlaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosasiýasy öz tejribesini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýyn. Resmi gatnaşyklary ýola goýmak we iki ýurduň futbol federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Palwanow bilen RBFA-nyň (Royal Belgian Football Association) direktory Peters Willems ara alnyp maslahatlaşdy.

27072024-futbol-belgiya-turkmenistan (1).JPG

Esasy üns taraplaryň futbol federasiýalarynyň arasynda ilkinji aragatnaşygy ýola goýmaga berildi. Aşakdaky möhüm ugurlary öz içine alýan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy:

Belgiýada türkmen tälimçilerini taýýarlamak: bu başlangyç Belgiýada geçirjek okuw meýilnamalary arkaly türkmen tälimçileriniň hünärlerini we bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen.

Belgiýaly hünärmenleri Türkmenistana ibermek: Belgiýanyň futbol hünärmenleri ýerli tälimçiler we oýunçylar üçin ýerinde tälim we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistana iberilip bilner.

Futbol klubynyň direktorlaryny taýýarlamak: bu maksatnama ýaşlar we professional klublara gönükdirilip, Türkmenistanda futbol klublarynyň direktorlary üçin okuwy öz içine alar.

Belli bir oýunlara türkmen oýunçylaryny taýýarlamak: bu ugur, Belgiýanyň tälimçileriniň tejribesini ulanyp, türkmen oýunçylaryny geljekki oýunlara taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen okuw türgenleşik sapaklaryny geçirmegi öz içine alýar.

27072024-futbol-belgiya-turkmenistan (4).JPG

Duşuşykda Türkmenistanda futbolyň derejesini ýokarlandyrmaga we iki ýurduň futbol jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we özara peýdalary bellenildi.

27072024-futbol-belgiya-turkmenistan (5).JPG

“Geljekki ädimler hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn şertnamalary baglaşmak we biziň ýurtlarymyzda futboly ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek üçin wideo konferensiýalary we ýüzbe-ýüz ýygnaklary guramagy öz içine alýar” – diýip, Türkmenistanyň Brýusseldäki wekilhanasynda bellenildi.

27072024-futbol-belgiya-turkmenistan (2).JPG

Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosasiýasy – Belgiýada futbola gözegçilik edýän we dolandyrýan guramadyr. Merkezi edarasy Brýusselde ýerleşýär. Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosasiýasy 1895-nji ýylda esaslandyryldy we FIFA (1904-nji ýylda) we UEFA (1954-nji ýylda) esaslandyryjy agzalaryň biri boldy.

27072024-futbol-belgiya-turkmenistan (3).JPG

Assosiasiýa çäreleri guraýar we milli futbol toparlaryny (erkekler, zenanlar, ýaşlar) dolandyrýar. Assosasiýanyň howandarlygynda Belgiýanyň erkekleriň we zenanlaryň arasynda çempionaty, beýleki köp sanly ýaryşlar geçirilýär.

imgonline-com-ua-2to1-c6IRa9uhJq8G.jpg

Mundan ozal Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Futbol Birleşiginiň arasynda ilkinji wideo duşuşygy geçirilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026