HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Üns beriň: “Eksport işi” wiktorinasynyň soňky tapgyryny yglan edýäris

Iýul 27, 2024 | 18:20 |16867
Köpden bäri garaşylýan gün, “Eksport işi” bäsleşiginiň dördünji tapgyryny yglan etjek wagtymyz geldi.Köpden bäri garaşylýan gün, “Eksport işi” bäsleşiginiň dördünji tapgyryny yglan etjek wagtymyz geldi.
Çeşme: orient.tm

Köpden bäri garaşylýan gün, “Eksport işi” bäsleşiginiň dördünji tapgyryny yglan etjek wagtymyz geldi.

Wiktorinanyň soňky üç tapgyryna diňe bir gatnaşyjylara däl, eýsem oňa goşulmak isleýänlere-de ýüzlenýäris. Şeýle hem, dogry jogap gözlemek prosesinde, şol sanda degişli mowzukdaky materiallaryň kömegi bilen, ORIENT web sahypasynda köp bolan täze bilimler bilen gözýetimlerini giňeltmek isleýänler "Eksporty ösdürmek" bölüminden peýdalanyp bilerler.

Umuman, ýönekeý soraglara logiki pikirlenmek arkaly, göze görünmeýän içki sesiňiz arkaly köp jogap berip bilersiňiz, we gelen netijäňizden soň biziň Size hördürleýän “hawa” ýa “ýok” diýen jogaplardan birini saýlamagyňyz ýeterlik bolar.

Ýeri gelende aýtsak, intellektual we şol bir wagtyň özünde bilim bäsleşigine gatnaşyjylaryň beren seslenmelerinden çen tutsaň, köpler içerki mümkinçiliklerimizde gizlenen duýgurlygyň we logikanyň çäksiz ätiýaçlyklaryna bil baglap, muny etdiler.

“Eksport işi” wiktorinasynyň dört basgançakda geçirilýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi eýýäm amala aşyryldy we biziň taryhymyza öwrüldi. Indi bolsa iň soňky tapgyr galdy, ýeňijiler sowgat alarlar we ähli bäsleşigiň netijelerine görä garaşsyz emin tarapyndan kesgitlenjek esasy lider, islegli garaşylýan Gran Pri-ni - iň güýçli we soňky görnüş akylly el telefony alar.

Munuň üçin näme gerek?

Şu wagtyň özünde hasaba alyş formasyny ORIENT web sahypasynda dolduryp bilersiňiz.

Hasaba alnandan soň, synag tabşyrmak üçin elektron salgyňyza baglanyşyk alarsyňyz. Elektron salgyňyzy takyk görkezmegi ýatdan çykarmaň!

1663011901_6-kartinkin-net-p-kotenok-za-kompyuterom-instagram-6.jpg

Baýrak ugrundaky bäsleşikler nähili geçiriler?

Salgy boýunça görkezilen sahypa girip soraglara jogap berip bilersiňiz.

Jemi 30 sany sorag bolup, olaryň her biri üçin iki sany jogap hödürlener. Olaryň biri dogrudyr.

Jogaplaryňyz, 3-nji awgustda günüň dowamynda size amatly wagtda kabul ediler.

...Görşüňiz ýaly hemme zat gaty ýönekeý. Hatda özüm hem şeýle synaga gatnaşmak isleýärin. Gynansakda men gatnaşyp bilemok. Size bolsa – üstünlik, bilşiňiz ýaly sylaga batyrlar mynasyp.

Hormatlamak bilen üstünlik arzuw edýärin -

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026