HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň nebit ministri bilen geçirilen duşuşykda TOPH taslamasyny ilerletmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýul 24, 2024 | 22:30 |14428
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 24-nji iýulda Yslamabatda Pakistanyň Federal nebit ministri Musadik Malik bilen duşuşdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 24-nji iýulda Yslamabatda Pakistanyň Federal nebit ministri Musadik Malik bilen duşuşdy.
Çeşme: pid.gov.pk

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 24-nji iýulda Yslamabatda Pakistanyň Federal nebit ministri Musadik Malik bilen duşuşdy.

Taraplar ýangyç we energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) transmilli gaz turbageçiriji taslamasyny durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ygtybarly we elýeterli energiýa üpjünçiligi Pakistanyň senagat pudaklary we umumy ykdysady durnuklylyk üçin möhümdir diýip, Musadik Malik belledi. Şeýle hem ol, Pakistanyň sebitdäki energetika hyzmatdaşlygy we infrastrukturany ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan TOPH taslamasyna doly ygrarlydygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda "Tapi Pipeline Company Limited" kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow, nebit ministriniň we Maýa goýumlary ösdürmek boýunça ýörite geňeşiň (SIFC) aýratyn üns bermegi netijesinde TOPH taslamasynyň möhüm öňegidişlik gazanandygyny we dogry ýolda barýandygyny belledi.

072024-musadik-i-meredov-tapi (1).jpg

Pakistanyň we Türkmenistanyň resmi wekilleri ösüşler barada bellemek bilen, sebit gatnaşyklaryny gowulandyrmakda, ykdysady ösüşi ösdürmekde we gatnaşyjy ýurtlaryň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda taslamanyň strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler. Geljekde hem hyzmatdaşlyga we özara goldawa ygrarlydyklaryny bellediler.

TOPH taslamasy, durnukly energetika çözgütleri arkaly sebitdäki durnuklylygyň we abadançylygyň umumy maksatlaryny görkezýän Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyň subutnamasy bolup galýar diýip, Pakistanyň Maglumat we teleradioýaýlymlar ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Şeýle hem bu duşuşyga Pakistanyň Energetika ministrliginiň nebit bölüminiň howandarlygynda işleýän we gaz pudagynda strategiki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan “Inter State Gas System Limited” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Nadim Bajwa hem gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026