HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HORECA Uzbekistan: Türkmen kompaniýalary myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyryldy

Iýul 23, 2024 | 16:05 |1455
Özbegistanyň myhmanhanalar assosiasiýasy türkmen guramalaryny 2024-nji ýylyň 8-10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek HORECA Uzbekistan birinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.Özbegistanyň myhmanhanalar assosiasiýasy türkmen guramalaryny 2024-nji ýylyň 8-10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek HORECA Uzbekistan birinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: hoteliers.uz

Özbegistanyň myhmanhanalar assosiasiýasy türkmen guramalaryny 2024-nji ýylyň 8-10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek HORECA Uzbekistan birinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk komitetiniň goldawy bilen gurnalan bu çäre myhmansöýerlik pudagynda gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklar gurmak üçin ajaýyp platforma bolar. Bu sergi Özbegistandan we beýleki ýurtlardan myhmanhana we restoran biznesiniň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň web saýtynda habar berilýär.

Serginiň maksatnamasy şular girýär:

• Myhmansöýerlik pudagy üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sergisi;
• Iş maksatnamasy bilen konferensiýalar we ussatlyk sapaklary;
• Professional bäsleşikler;
• Dünýä halklarynyň aşhanasynyň festiwaly.

Sergi içerki dizaýndan we hünär enjamlaryndan başlap, awtomatlaşdyryş we howpsuzlyk ulgamlaryna çenli köp sanly ugurlary öz içine alar.

Çäräniň çäginde 8-nji oktýabrda myhmansöýerlik pudagynda ýaşyl tehnologiýalara we sanlaşdyrmaga bagyşlanan konferensiýa geçiriler. Çakylyk ähli gyzyklanýan guramalara iberilýär.

Goşmaça maglumat üçin:

Web-saýt: www.hoteliers.uz/page24475912.html
Telefonlar: +998 97 141-48-46; +998 97 144-48-47
E-mail: horecaexpo.uz@gmail.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026