HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda HKP MK 20-nji çagyrylyşynyň üçinji mejlisi geçirildi

Iýul 22, 2024 | 09:23 |9587
Pekinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň (HKP MK) 20-nji çagyrylyşynyň üçinji mejlisi geçirildi, diýip Sinhua agentligi habar berýär.Pekinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň (HKP MK) 20-nji çagyrylyşynyň üçinji mejlisi geçirildi, diýip Sinhua agentligi habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

Pekinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň (HKP MK) 20-nji çagyrylyşynyň üçinji mejlisi geçirildi, diýip Sinhua agentligi habar berýär.

Mejlis 15-18-nji iýul aralygynda MK Syýasy býurosynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Mejlise HKP MK 199 agzasy we MK 165 agzalyga dalaşgärler gatnaşdy. Bulardan başga-da ses bermek hukugyna eýe bolan Düzgün-nyzamy barlamak boýunça Merkezi toparyň Hemişelik komitetiniň agzalary, degişli guramalaryň jogapkär ýolbaşçylary, partiýanyň XX çagyrylyşynyň bir bölegi, işji toparlar şeýle hem hünämenler topary we alymlar gatnaşdylar.

Mejlisde, HKP MK Baş sekretary Si Szinpiniň MK Syýasy býurosynyň işiniň netijeleri baradaky hasabaty diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, MK Syýasy býurosynyň, HKP MK 20-nji çagyrylyşynyň 2-nji mejlisinden bäri alyp barýan işine oňyn baha berildi.

Mejlisde “Hytaýyň döwrebaplaşdyrylmagyny öňe sürmek üçin özgertmeleri has giňişleýin çuňlaşdyrmak baradaky HKP MK karary” garaldy we kabul edildi.

Mejlisiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen press-konferensiýada HKP MK derňew bölüminiň başlygy Tan Fanýi HKP MK 20-nji çagyrylyşynyň üçinji mejlisiň gün tertibiniň ähli meseleleriniň üstünlikli ýerine ýetirilendigini habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026