HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID-iň YDA Taslamasy iş berijileri Türkmenabatdaky TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň iş orunlar ýarmarkasyna çagyrýar

Iýul 01, 2024 | 02:05 |12144
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) «Tälim» okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabat tapgyrynyň iş orunlar ýarmarkasyny geçirýändigi we gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iş berijilerden ýüztutmalaryň kabul edilişigi barada yglan edýärUSAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) «Tälim» okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabat tapgyrynyň iş orunlar ýarmarkasyny geçirýändigi we gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iş berijilerden ýüztutmalaryň kabul edilişigi barada yglan edýär
Çeşme: USAID YDA

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) «Tälim» okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabat tapgyrynyň iş orunlar ýarmarkasyny geçirýändigi we gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iş berijilerden ýüztutmalaryň kabul edilişigi barada yglan edýär. Çäre 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 6-da sagat 11.00-da Türkmenabat şäherindäki «Tälim» okuw merkezinde geçiriler.

Bu çärede iş berijiler üçin «TechYouth Bootcamp» maksatnamasyna gatnaşyjylary bilen söhbetdeşlik geçirmäge we olardan ýaş we zehinli işgärleri saýlamaga mümkinçilik dörediler. Maksatnama gatnaşyjylar IT ulgamyndaky şu aşakdaky hünärleriň birisi boýunça alty aýlyk intensiw okuwy tamamlaýarlar:

  1. Grafiki dizaýny (Graphic design)
  2. IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak (IT system maintenance and administration)

USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we «bootcamp» formatynda «doly çümmek» görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we netijeli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Maksatnama Aşgabatda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli, Maryda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli üstünlikli amala aşyryldy. Maksatnamanyň Mary şäherindäki ikinji tapgyry hem 2024-nji ýylyň maý aýyndan noýabr aýyna çenli ýerine ýetirilýär. Türkmenabatda maksatnama şu ýylyň fewral aýynda başlandy we awgust aýynda tamamlanar.

USAID-iň YDA Taslamasy maksatnamany Türkmenabatda «Tälim» okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýar. Iş beriji hökmünde iş orunlar ýarmarkasyna gatnaşmak üçin aşakadaky baglanyşykdaky hasaba alyş formasyny 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSeUxBQabHMnNlg_flEjQxunHGjpyuVyAkLaz8tCS0m93PTT1A/viewform

Soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda elektron poçtanyň şu salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: HAtabayev@q2impact.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026