HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hanoýda Türkmenistan bilen Wýetnamyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýun 25, 2024 | 01:35 |9996
Türkmenistanyň Hanoýdaky ilçisi Parahat Durdyýew 24-nji iýunda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Bilim we hünärmenleri taýýarlamak ministrliginde ministriň orunbasary Nguýen Wan Fuk bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Hanoýdaky ilçisi Parahat Durdyýew 24-nji iýunda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Bilim we hünärmenleri taýýarlamak ministrliginde ministriň orunbasary Nguýen Wan Fuk bilen duşuşdy.
Çeşme: moet.gov.vn

Türkmenistanyň Hanoýdaky ilçisi Parahat Durdyýew 24-nji iýunda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Bilim we hünärmenleri taýýarlamak ministrliginde ministriň orunbasary Nguýen Wan Fuk bilen duşuşdy.

Duşuşykda ilçi ýurtlarymyzyň arasynda däp bolan oňyn gatnaşyklaryň bardygyny belledi. Häzirki günde Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda ýaşlary bilim almak üçin daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine ibermäge gyzyklanma bildirýär.

Ilçi Wýetnamyň Bilim ministrligine bilim ulgamyna degişli maglumatlary we tejribe alyşmagy teklip etdi.

Şeýle hem türkmen tarapy iki ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramaga, okatmagyň innowasion usullaryny alyşmaga gyzyklanma bildirýär.

Mundan başga-da ilçi iki ýurduň talyplary üçin türkmen hem-de wýetnam dillerini öwretmek ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, edebi eserleri terjime etmegi teklip etdi. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda täze resminamany taýýarlamagyň mümkinçiligine seredildi.

Parahat Durdyýew şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara forumy guraýandygyny habar berdi we Wýetnamyň wekillerini bu çäre gatnaşmaga çagyrdy.

Ministriň orunbasary Nguýen Wan Fuk ilçiniň tekliplerini goldady we ministrligiň bu teklipleriň üstünde bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady.

Ol häzirki wagtda Wýetnamda 240 uniwersitetiň bardygyny we olarda 2 milliondan gowrak talybyň bilim alýandygyny belledi. Wýetnam nebitgaz senagaty we energetika ýaly ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň Wýetnamyň uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk maksatnamalary bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026