HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

9-njy iýulda Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

Iýun 27, 2024 | 12:36 |6972
9-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler.9-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler.
Çeşme: kbrria.ru

9-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler.

Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan bilelikde guralar.

Boş iş orunlarynyň ýarmarkasy sagat 09:00-dan 12:00-a çenli şu salgyda geçiriler: S.Türkmenbaşy şaýoly, 81.

Guramaçylar edaralary, guramalary we kompaniýalary boş iş orunlary barada maglumaty çärä hödürlemäge çagyrýarlar.

Iş tapmak isleýän raýatlaryň ýanynda pasporty we zähmet depderçesi bolmaly.

Has giňişleýin maglumat üçin Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligine ýüz tutuň:

Aşgabat şäheri (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3), 92-14-56;
Bagtyýarlyk etraby (Bekrewe, 2211-nji köçe, 25), 37-46-68;
Berkararlyk etraby (Bekrewe, 2211-nji köçe, 25), 37-46-67;
Büzmeýin etraby (Oguzhan köçe, 8), 33-12-69;
Köpetdag etraby (Seýitnazar Seýdi köçe, 3), 92-15-26;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti (S.Türkmenbaşy şaýoly, 81), 22-74-07.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026