HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi

Iýun 21, 2024 | 19:15 |12644
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi
Çeşme: mfa.gov.tm

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar bolan türkmen-çeh ylalaşyklarynyň üstünde durup geçip, bilelikdäki şertnama-hukuk binýady bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

21062024-Prague (2).jpg

Duşuşygyň dowamynda söwda dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energetika, ulag infrastrukturasy, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.

21062024-Prague (1).jpg

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çehiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-spikeri Ýan Bartoşekiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen-çeh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Şeýle hem, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýurtlaryň ygrarlylygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek we bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

21062024-Prague (3).jpg

Bilelikdäki sergileri, festiwallary we Medeniýet günlerini guramak, şeýle hem döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026