HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Týanszin şäherinde Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy

Iýun 27, 2024 | 10:14 |8975
Penşenbe güni Hytaýyň demirgazygyndaky Týanszin şäherinde intellektual tehnologiýalar pudagyndaky iň iri halkara çäreleriniň biri bolan Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.Penşenbe güni Hytaýyň demirgazygyndaky Týanszin şäherinde intellektual tehnologiýalar pudagyndaky iň iri halkara çäreleriniň biri bolan Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

Penşenbe güni Hytaýyň demirgazygyndaky Týanszin şäherinde intellektual tehnologiýalar pudagyndaky iň iri halkara çäreleriniň biri bolan Bütindünýä intellektual EKSPO açyldy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Bu ýylky EKSPO «Intellekt: ösüş üçin giň giňişlik, durnukly ösüş üçin hereketlendiriji güýç» mowzugyna bagyşlanýar.

Sergi Týansziniň we Çunsiniň (Günorta-Günbatar Hytaý) hökümetleri tarapyndan bilelikde guraldy hem-de akademiki innowasiýalar üçin ählumumy platforma döretmäge we «akylly» tehnologiýalar pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.

Bütindünýä intellektual EKSPO iki çäreden ybarat – Týanszindäki Bütindünýä intellekt kongresi, şeýle hem öňdebaryjy kärhanalaryň, halkara guramalaryň, meşhur gözleg institutlarynyň we uniwersitetleriniň gatnaşmagynda Çunsindäki Hytaýyň intellektual senagatynyň halkara sergisi.

Bu ýere gelýänler emeli aňa, intellektual ulgamlar birikdirilen ulag serişdelerine, intellektual önümçilige we robototehnika bagyşlanan sergi meýdançalary bilen tanşyp bilerler.

HHR-niň Prezidenti Si Szinpin Halkara intellektual EKSPO gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Onda Hytaýyň beýleki ýurtlar bilen bilelikde ösen sanly tehnologiýalary ulanmaga, emeli aňy ösdürmek we dolandyrmak pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026