HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-koreý işewürlik forumy: myhmanlardan kimler gatnaşýar

Iýun 11, 2024 | 03:40 |11766
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 11-nji iýunda Aşgabat şäherine döwlet saparynyň ikinji güni, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek ikitaraplaýyn işewürlik forumy bilen bellener. Günorta Koreýanyň döwlet ýolbaşçysy forumda maksatnamalaýyn çykyş etjekdigi mälim. Energetika, maşyngurlyşyk, tehnologiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga we umuman alanyňda koreý kompaniýalarynyň türkmen bazaryna çykarylmagyna ünsi çeker.Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 11-nji iýunda Aşgabat şäherine döwlet saparynyň ikinji güni, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek ikitaraplaýyn işewürlik forumy bilen bellener. Günorta Koreýanyň döwlet ýolbaşçysy forumda maksatnamalaýyn çykyş etjekdigi mälim. Energetika, maşyngurlyşyk, tehnologiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga we umuman alanyňda koreý kompaniýalarynyň türkmen bazaryna çykarylmagyna ünsi çeker.
Çeşme: orient.tm

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 11-nji iýunda Aşgabat şäherine döwlet saparynyň ikinji güni, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek ikitaraplaýyn işewürlik forumy bilen bellener. Günorta Koreýanyň döwlet ýolbaşçysy forumda maksatnamalaýyn çykyş etjekdigi mälim. Energetika, maşyngurlyşyk, tehnologiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga we umuman alanyňda koreý kompaniýalarynyň türkmen bazaryna çykarylmagyna ünsi çeker.

Koreýa tarapyndan foruma hökümet we işewür toparlaryň wekilleri gatnaşýar – olar 30 ministrlik, edaralar we kompaniýalar. Bularyň arasynda Söwda, senagat we energetika ministrligi, Ýer, infrastruktura we ulag ministrligi, Eksport-import banky, şeýle hem Koreýada Eksimbank (KEXIM) ady bilen belli, ýagny ol Günorta Koreýadaky resmi eksport karz gullugydyr.

Şeýle hem wekiliýetiň düzüminde, Türkmen “Balkan” gämi abatlaýyş kärhanasy bilen şertnamasy bolan Koreýa deňiz enjamlary assosasiýasy (KOMEA), Koreýa söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy (K-SURE), Koreýa Söwda-senagat edasary, Koreýa orta telekeçiler federasiýasy, Daşary ýurt koreý söwdagärler assosasiýasynyň dünýä federasiýasy (World OKTA), Koreýa halkara potratçylar assosasiýasy, olar agza kompaniýalaryna daşary ýurt bazarlaryny öwrenmekde, gurluşyk taslamalaryny işläp düzmekde we şertnamalary baglaşmakda kömek edýär.

Şeýle hem foruma gatnaşýan Koreýa ösümçilik assosasiýasy, Koreýanyň suw hyzmatdaşlygy atly täjirçilik däl korporasiýa, hereket edýän hususy we döwlet pudaklarynda suw hünärmenleri üçin aragatnaşyk meýdançasy hökmünde çykyş edýär.

Forumdaky koreý kompaniýalarynyň arasynda Hyundai Corporation we Hyundai Engineering Co.Ltd bar. Zawodlaryň we elektrik beketleriň gurluşygy, nebit-gaz we himiýa senagaty, polat, awtoulag ätiýaçlyk şaýlary öndürmek we ş.m senagat ugurly beýleki kompaniýalary öz içine alýan beýlekiler hem bar.

Şeýle hem, işewürlik forumyna weterinariýa, sanjym önümlerini öndürmek, kosmetologiýa, nutrigenetika we saglyk, oba hojalygy we balykçylyk, logistika we ulag, medeniýet we syýahatçylyk, kompýuter tehnologiýasy ýaly ugurlardaky hünärmenler we başgalar gatnaşýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026