HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Sentýabr 04, 2026 | 16:12 |2347
2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi
Çeşme: turkmentv.gov.tm

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi. Çykyş giň gerimli maksatnamlaýyn häsiýete eýe bolup, Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň konseptual esaslary, Ýewraziýa möçberindäki geoykdysady taslamalar, akademiki geljekler hem-de ýaş nesliň ruhy-ahlak terbiýesi döwlet gurluşygynyň bitewi we aýrylmaz strategiýasyna birleşdirildi.

Mekdep okuwçylaryna, talyplara we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ýaş hünärmenlerine ýüzlenip, türkmen halkynyň Milli Lideri täze nesliň esasy wezipesiniň ýurduň garaşsyz ösüşiniň gazananlaryny berkitmekden we uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmekden ybaratdygyny nygtady. Döwletiň durnuklylygynyň binýady hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç kararnamasy bilen ählumumy derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy daşary syýasy taglymatdan halkara durnuklylygynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli guralyna öwrüldi.

Bu strategiýanyň iş ýüzündäki beýany hökmünde 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy (2026-njy ýylda onuň 20 ýyllygy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýär), şeýle hem «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy filosofiýasynyň öňe sürülmegi görkezildi.

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmedi, Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde döwletleriň birleşmegi, BMG-niň Araçyllyk palatasyny döretmek baradaky başlangyç, şeýle hem bitarap we bileleşiklere goşulmaýan döwletlere bu guramanyň parahatçylygy dörediji tagallalarynda ileri tutulýan hyzmatdaşlar hukuk derejesiniň berilmegi dünýä giňişliginiň çäklerinde hormat goýmaklyga esaslanýan dialogyň täze medeniýetini kemala getirýär. Bitaraplygyň nazary we ylmy-amaly binýadyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde ýöriteleşdirilen kafedra döredildi. Geljekde onuň binýadynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Akademiki merkezi döretmek baradaky geňeşmeleri geçirmek, netijede bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugry milli pikirlenmäniň çuňňur ynsanperwer däplerine — Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalypyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki görnükli akyldarlaryň pähim-paýhasyndan ugur alýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 33 sany Kararnamany kabul etmegi halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmäge we geosyýasy bähbitleri durnukly ösüş maksatlaryna utgaşdyrmaga gönükdirilen yzygiderli ugry görkezýär.

Bu ýörelge ýurduň esasy halkara başlangyçlarynda öz gönüden-göni beýanyny tapýar: energetika giňişligini doly syýasylaşdyrmakdan ýüz öwürmek baradaky çagyryşda, BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamakda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmekde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kadalaryny berkitmekde öz beýanyny tapýar.

Merkezi we Günorta Aziýanyň, Hazar sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň çatrygynda tebigy köpri bolup çykyş etýän Türkmenistan özüniň geografik ýerleşişini sürlen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasynyň çäklerinde ählumumy goşulyşmak taslamalara öwürýär. Ulag-logistikada Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan iň ýokary derejede peýdalanmak, Hazarüsti ugry boýunça toplumlaýyn nyrh ölçeglerini emele getirmek, Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýoluny gurmak we BMG-niň ulag diplomatiýasyny ilerletmek möhüm orun eýeleýär.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini çekmek ýaly strategik energetika taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Bu gaz geçiriji 2 milliard ilatly subkontinentleri çig mal bilen üpjün etmäge we Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge ukyplydyr. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisini ösdürmek işleri alnyp barylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetiň gurluşyny özgertmek bilen, ýurt dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürýär, dünýäniň iri maliýe institutlary bilen yzygiderli iş alyp barýar we Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy üçin degişli kadalar boýunça netijeli işleri alnyp barylýar.

XXI asyryň emeli aňyň çalt ösmegi we sanlylaşdyrma bilen baglanyşykly çagyryşlary häsiýetlendirip, Halk Maslahatynyň Başlygy «akylly» şäherler görnüşinden «Akylly jemgyýet» baradaky toplumlaýyn konsepsiýa geçmek wezipesini öňde goýdy. Bu tehnologik öňe gidişi durmuşa geçirmek üçin talyplary innowasion startaplary döretmäge işjeň çekmek, şeýle hem Türkmenistanda halkara ýaşlar ylmy-bilim klasterlerini döretmek üçin hukuk şertlerini kemala getirmek teklip edildi.

Şol bir wagtyň özünde tehnologik ösüş milli özboluşlylygyň üýtgewsiz binýadyna daýanmalydyr. Türkmenistan gadymy ekerançylyk we şäher medeniýetleriniň — Jeýtun, Änew, Marguş, Dehistan we Horezm-Ürgenç siwilizasiýalarynyň dörän Watanydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow Wadim Masson bilen bilelikde arheologik gazuw-agtaryş işlerine gatnaşandygy baradaky şahsy tejribesini paýlaşyp, dünýä akademiki ylmynyň görnükli wekilleriniň hatarynda Wiktor Sarianidini hem belledi. Şeýle hem Muhammet Horezminiň, Abu Nasr Farabynyň, Abu Reýhan Biruniniň, Ibn Sinanyň ylmy mirasynyň we «Oguznama» hem-de «Görogly» ýaly eserleriň milletiň egsilmez ruhy baýlygydygyny nygtady.

Sapagyň bir bölümi nesilleriň dowamatlylygyny, ýaşululara hormat goýmagy we jemgyýetiň agzybirligini kesgitleýän milli medeniýetiň ahlak taýdan iň ýokary derejesi bolan türkmençilik düşünjesine bagyşlandy. Bu işde mugallymyň şahsyýetine aýratyn orun berilýär. Ömrüni mugallymçylyk işine bagyş eden atasy Berdimuhamet Annaýewiň durmuş göreldesine daýanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow mugallymlary hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, okatmagyň usullaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge çagyrdy we kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň «Ata pendi» goşgusyndan şahyrana setirleri okady.

Medeniýetiň we döwletliligiň arabaglanyşdyryjy halkasy hökmünde türkmen dili görkezildi. Ony sarpalamak her bir raýatyň mukaddes borjy bolup, şol bir wagtyň özünde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek zerurdyr. Umumy sapagy jemläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Türkmenistanyň ýaş nesliniň öz Watanynyň gülläp ösüş we innowasion ösüş ýoluny mynasyp dowam etdirjekdigine berk ynam bildirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026